Garaşsyzlyk toýuna dünýä gelýär salama

22 Sentýabr 2023
190

Türkmen ilim, jan Watan, gördük ajap zamanyň,
Parahat, agzybir halk – şudur bagtly jemalyň,
Ýaşa, Garaşsyz ýurdum! – ýaýdyň nurly kelamyň.
Alkyş Beýik Merdana,
Arkadagly Serdara,
Türkmen toýun toýlaýar, dünýä bilen zamana!

Bu gün baky gülleýär beýik-beýik kendimiz
Dowam edýär halkymyz şäher gurmak ýoluny.
Waspyň edip gezeýin ertir, agşam, günde men,
Daglar aşdy owazaň,
Synmaz beýik howalaň,
Watan, ýoluň hemişe dünýä tarap rowana!

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.