Söweş sungatynyň ussatlary

22 Sentýabr 2023
338

Ýakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Karatedo federasiýasynyň guramagynda karatedo boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçirildi. Sportuň bu görnüşi boýunça milli mekdebimiz barha kämilleşip, türgenlerimiz halkara ýaryşlarda dürli derejeli medallary eýelemegi başarýar. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen paýtagtyň birinjiligi hem bu görnüşde täze zehinleriň kemala gelýändigini görkezdi.

8 – 11 ýaşly oglanlaryň arasynda kata görnüşi boýunça Aşgabat şäherindäki 52-nji orta mekdebiň okuwçysy Selim Saparow ýeňiji boldy. Şol görnüşden gyzlaryň arasynda Amina Rahmanowa ähli garşydaşlaryndan üstün çykdy.

Mehek BABAÝEWA, «Türkmen sporty».
Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.