Ýakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi, şeýle hem «Halkara talyplar sport güni» mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Sport, sagdyn durmuş Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň baş ýörelgesidir» atly köpçülikleýin sport ýaryşlary geçirildi.
Woleýbol bäsleşiginde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň topary öňdeligi eýeledi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty ikinji, Türkmen döwlet maliýe instituty üçünji orunlara mynasyp boldular. Gandbolda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary ýeňiji boldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary ikinji, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary üçünji boldy.