Berkarar Watanymyz täze taryhy eýýamda ösüşleriň belent sepgitlerine tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň gülläp ösmegini we halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda öňde durýan wezipeler we geljegi nazarlaýan maksatlarymyz bolsa has-da uludyr. Baş baýramymyzyň – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem geçen döwürde gazanan üstünliklerimize baha bermekde hem-de beýik geljege uzaýan ýolumyzdaky täze maksatlarymyzy kesgitlemekde örän uly ähmiýete eýe bolar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dowam etdirilýän döwlet syýasatymyzda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni taýdan kuwwatlanmagy, halkymyzyň eşretli, asuda, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Bu üstünlikler Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriň ajaýyp miweleridir.