Baýramçylyk dabarasy

22 Sentýabr 2023
142

Golaýda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Energohyzmat» birleşiginiň «Serpaý» folklor etnografiýa aýdym-saz toparynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk – bagtymyzyň şuglasy» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Arassa Asmanyň astynda, asuda Zeminiň üstünde öz halkyna bagtyýarlygy, ýurduna berkararlygy bagyş eden Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ajaýyp zamanany wasp edýän aýdym-sazlar uly ruhubelentlik bilen ýaňlandy.

Bägül GARAÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.