Sportuň innowasion tehnologiýalary

22 Sentýabr 2023
174

Türgenleşik üçin tehnologiýalar, türgenleriň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän serişdeler ertirine ýa-da agşamara ylgamagy söýýän höwesjeňlerde-de, professionallaryň arasynda-da uly meşhurlykdan peýdalanýar. Sanly ulgamyň ösmegi bilen sportuň hem sanlylaşdyrylmagynyň depgini güýçlenýär.

Häzirki döwürde hatda höwesjeň türgenler hem bedeniň ýagdaýyna baha berýän, gan basyşyny ölçeýän tehnologiýalary, türgenleşikleri dogry meýilleşdirmäge we olarda sarp edilýän energiýany hasaplamaga kömek edýän goşundylary işjeň peýdalanýar. Bular ýaly mümkinçilikler birnäçe ýyl mundan ozal professional türgenler üçinem seýrekdi. Şunuň bilen baglylykda, professional sportda-de türgenleşikleriň sanlylaşdyrylmagynyň has ýokary derejä çykandygyny bellemek gerek. Bir ýandan türgenleriň özleri bedeniniň ýagdaýyna baha bermek üçin innowasiýalary işjeň peýdalanýan bolsa, beýleki tarapdan, olaryň tälimçileri hem netijeliligi täze derejä çykarmaga ýardam edýän has kämil tehnologiýalary özleşdirýär. Bu ugurda neýro-torlar, wirtual hakykat tehnologiýalary ýaly täzeçillikler ozal elýeterli bolmadyk şertleri açýar.

Geldimyrat Myradow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.