Geçen asyryň otuzynjy ýyllary ýurdumyzda küştüň giňden wagyz edilen, onuň sportuň ählihalk görnüşine öwrülmeginde aýgytly ädimleriň ädilen döwri hasaplanylýar. Şol ýyllarda Türkmenistanda sportuň bu görnüşiniň ýaýbaňlandyrylmagynda rus küştçüleriniň bitiren hyzmatlary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bütinsoýuz küşt bölüminiň şol wagtky ýolbaşçysy Nikolaý Wasilýewiç Krylenkonyň aladasy bilen güneşli Diýarymyza iberilen ussat küştçi Fýodor Iwanowiç Duz-Hotimirskini şolaryň iň görnüklileriniň hatarynda görkezmek bolar.
Türkmen küştçüleriniň Duz diýip atlandyran bu ussat küştçüsi sowuk diýmän, yssy diýmän şäherme-şäher, obama-oba aýlanýar, ýurdumyzda küşt oýnunyň ýola goýluşyny öwrenýär, baran ýerinde ýaryşlary guraýar, zehinleri gözleýär, mahlasy, güneşli ülkämizde küştüň ösdürilmegi, ählihalk häsiýetine eýe bolmagy üçin yhlasyny gaýgyrmaýar.