Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmegi, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek medeniýetini pugtalandyrmagy maksat edinýän asylly başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň geçirilmegi hem täze taryhy eýýamyň ajaýyp däbine öwrüldi.
Her ýylyň 3-nji iýunynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň çar ýanynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişler hem-de şatlykly dabaralar sagdynlyk, raýdaşlyk, dost-doganlyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezýän bu halkara baýramyň sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny subut edýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Milletler Bileleşiginiň senenamasynda bu senäniň peýda bolmagy ýurdumyzyň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge, şeýle hem milli, sebit hem-de ählumumy möçberde jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge goşýan ägirt uly goşandynyň gyzgyn goldawa we belent ykrarnama eýe bolýandygyny tassyklaýar.