Welosiped ýodasynda

2 Iýun 2023
185

Maýyň ahyrky gününde paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Welotrek toplumynda Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň Kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa 34 ýetginjek gatnaşdy. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan ýaryş oglanlaryň hem-de gyzlaryň başarnyklaryny görkezmeklerinde diýseň ähmiýetli boldy.

Gyzlar 500 metre ýeriňden bat alyp başlanýan bäsleşikde çykyş etdiler. Şeýlelikde, Aşgabat şäherindäki 50-nji orta mekdebiň okuwçysy Sofiýa Abakumowa ýeňiş gazandy. Ol bellenen aralygy 45 sekuntdan hem az wagtda geçdi. Şondan 2 sekunda golaý yza galan 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Anastasiýa Andreýewa ikinji orna mynasyp boldy. Paýtagtymyzdaky 60-njy orta mekdebiň okuwçysy Sofiýa Guşşina üçünji orna eýe çykdy. Gyzlaryň 2000 metre uzan wagt görkezijisi boýunça ýaryşynda Sofiýa Guşşina pellehana birinji bolup geldi. Oňa bu aralygy külterlemek üçin 3 minut 10 sekuntdan gowrak wagt gerek boldy. Sofiýa Abakumowa bu gezek hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Aşgabat şäherindäki 42-nji orta mekdebiň okuwçysy Kseniýa Karaýewa öňdäki üçlügi jemlemegi başardy.

«Türkmen sporty».