Eziz Diýarymyzda soňky bäş ýyl bäri her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip gelinýär. Bu senäniň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylandygyny we ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerini kemala getirýän döwlet hökmünde halkara derejesinde döredijilik we parahatçylyk dörediji kuwwatyny äşgär edýändigini bellemek ýakymlydyr.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça degişli Kararnama kabul edilip, her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. Bu resminamanyň awtordaşy hökmünde dünýäniň 56 döwletiniň çykyş etmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň artýandygyna, parahatçylyk söýüji, ynsanperwerlik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerimiziň dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.