Guşakly göreş boýunça ýygyndy toparymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Jizak şäherinde geçen Aziýa çempionatyndaky üstünlikleri sportuň şu görnüşinden milli mekdebimiziň diýseň kämildigini ýene bir ýola dünýä ýaýdy. Türkmen pälwanlary yklym ýaryşynyň dürli medallarynyň 28-sine mynasyp boldular.
Alyş göreşiniň nusgawy usulyndan 7 medal gazanyldy. Altyn medala 100 kg-den ýokary agramda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Nurmuhammet Baýdogdyýew eýe çykdy. Gyzlardan 76 kilogramdan ýokary agram derejesindäki tutluşyklara çykan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Aýnur Faýzullaýewa boýnuna çempionatyň kümüş medalyny deňedi. Bürünç medallara bolsa Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Hesel Bekiýewa (55 kg), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Gülnar Joraýewa (65 kg), Hajymyrat Suhanow (60 kg), Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Gurluşyk we binagärlik sport kluby» hojalyk müdirliginiň 1-nji derejeli tälimçisi Tejen Tejenow (70 kg) hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Gurbangeldi Gurbangeldiýew (80 kg) dagy mynasyp boldy.