Erkin we grek-rim göreşleri boýunça ýygyndy toparlarymyz Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçen «Dumitru Pirwulesku we Wasile Iorga» atly halkara ýaryşyndaky çykyşlaryny üstünlikli jemlediler. Buharestde bolan türkmen toparyna 20 adam wekilçilik edip, şolaryň 15-si türgenlerdir.
Türkmen topary 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda guralan abraýly ýaryşyň kümüş medallarynyň üçüsini gazandy.