Sport mekdeplerinde

2 Iýun 2023
143

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, TKA-nyň welaýat birleşmesi, TMÝG-niň welaýat geňeşi bilelikde Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlaryň arasynda «Ygtybarly, ekologiýa taýdan arassa saglygy goramagy şertlendirýän ulagyň görnüşi bolan welosipediň ajaýyplygy we taryhy» atly maslahat geçirdiler. Şonuň ýaly-da, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi TKA-nyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramaklarynda welaýatyň sport mekdepleriniň we desgalarynyň arasynda «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep sport desga» atly bäsleşik geçirdiler. Bäsleşigiň netijesi boýunça ýeňiji bolan «Balkanabat» köpugurly sport toplumyna TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesiniň sowgady gowşuryldy.

Ýakup AMANOW,