Sazlaşygyň we sagdynlygyň ulagy

2 Iýun 2023
130

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryň daşky gurşawa aýawly çemeleşmek ýörelgeleri bilen sazlaşykly ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ildeşlerimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy hem-de ekologiýa taýdan arassa ulag serişdesi bolan welosipedli ýörişlere yzygiderli gatnaşmagy-da munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ajaýyp zamanamyzyň asylly däbine görä, her ýyl Bütindünýä welosiped gününde guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişler hem-de aýdym-sazly dabaralar sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklaryň dabaralanmasydyr. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň ýörite Kararnamasy bilen berkidilen bu sene köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge, milli hem-de ählumumy derejede jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge goşýan goşandymyzyň bütindünýä ykrarnamasydyr.

Şuhrat REÝIMOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Lebap welaýat müdirliginiň Çärjew etrabynyň müdiri, uly döwlet bellige alyjysy.