Tejribe alyşmagyň netijeli usuly
Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň bilim işgärleriniň öňünde möhüm wezipeler durýar. Şol wezipeler, ilkinji nobatda, bilim syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, kämil bilimli, terbiýeli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekden, olarda Watanymyza, halkymyza söýgini, mukaddes Garaşsyzlygymyza hem-de hemişelik Bitaraplygymyza buýsanjy artdyrmakdan ybaratdyr. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň, şol sanda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar hakynda edýän aladalary, ýaş nesliň kämil bilim almagy üçin döredýän giň mümkinçilikleri bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny hem-de üstünliklere beslenmegini üpjün edýär. Bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginde we ösdürilmeginde bilim işgärleriniň hünär ussatlygy, döwrebap, öňdebaryjy iş usullary möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa, öz nobatynda, öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenmegiň we ýaýratmagyň netijeli usullarynyň biri bolan pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwlarynyň ähmiýetini ýüze çykarýar. Şonuň üçin etr