"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Döwrebap bilim özgertmeleri

Eziz Di­ýa­ry­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­ler hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­na, eş­ret­li dur­mu­şy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Şeý­le be­ýik iş­le­riň ha­ta­ryn­da bi­lim öz­gert­me­le­ri­ni hem bel­le­mek bo­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýaş ne­sil­le­riň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ylym-bi­lim­li bol­mak­la­ry üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şeý­le bel­le­ýär: «Ylym­ly-bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly sag­dyn nes­li ter­bi­ýe­le­mä­ge örän uly äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­rin­den ugur al­nyp, ýaş nes­liň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, ylym we dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ma­gy ug­run­da giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýä­ris. Bi­lim işi­ni döw­re­bap­laş­dyr­ýa­rys, mil­li mak­sat­na­ma­la­ry, kon­sep­si­ýa­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýä­ris. Ýaş ne­sil­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­de bi­lim al­mak­la­ry, saý­lan hü­när­le­ri­niň eýe­le­ri bol­mak­la­ry, wa­tan­çy­ly­gyň hem-de yn­san­per­wer­li­giň be­lent ru­hun­da ter­bi­ýe­len­mek­le­ri üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýä­ris». Şu pa­ra­sat­ly söz­ler­den gör­nü­şi ýa­ly, ylym-bi­li­mi döw­re­bap ös­dür­mek­de, ýaş­la­ry mil­li ruh­da ter­bi­ýe­le­mek­de äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Sapagy guramagyň usullary

Hä­zir­ki dö­wür­de ýaş­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek esa­sy ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Çün­ki dil mö­hüm ara­gat­na­şyk se­riş­de­si­dir. Şu nuk­daý­na­zar­dan, dün­ýä dil­le­ri­ni öw­ret­me­giň dür­li usul­la­ry yl­my esas­da öw­re­nil­ýär we tej­ri­be­de ula­nyl­ýar. Bi­li­me teş­ne ýaş­la­ryň ösen is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak, ola­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek, bu dil­ler­de su­wa­ra gep­läp, er­kin pi­kir­le­nip bil­mek­le­ri­ni ga­zan­mak mu­gal­lym­la­ryň öňün­dä­ki mö­hüm we­zi­pe­dir. Bu iş­le­re ça­ga­lar he­niz bi­rin­ji synp­da wag­ty baş­la­mak we yzy­gi­der­li alyp bar­mak mö­hüm­dir.

Dil bi­len dün­ýä­ni ge­zer

Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ylym-bi­li­mi ös­dür­mä­ge, ýaş­la­ra döw­re­bap bi­lim ber­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Mil­li bi­lim ul­ga­my­nyň işi­ni döw­re­bap de­re­je­de gu­ra­mak, oňa in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, ýaş­la­ra be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, san­ly bi­lim ul­ga­my esa­syn­da okuw usu­ly­ýet­le­ri­ni hem-de bi­lim mak­sat­na­ma­la­ry­ny öz­gert­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Elekt­ron okuw ta­lyp ýaş­la­ry öz­baş­dak okuw bi­len meş­gul­lan­ma­ga, dö­re­di­ji­lik­li pi­kir­len­mä­ge, uzak ara­lyk­dan bi­lim al­ma­ga hö­wes­len­dir­ýän tä­sir­li ara­gat­na­şyk ul­gam­dyr. Mu­nuň özi san­ly mag­lu­mat­la­ry ulan­mak, öw­ren­mek, ýatda sak­la­mak en­dik­le­ri­ni öz­leş­dir­mek üçin müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ma­ga kö­mek ed­ýär.

Ça­ga ter­bi­ýe­sin­de ma­tal­la­ryň äh­mi­ýe­ti

Mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da okuw-ter­bi­ýe­çi­lik işi­ni kä­mil­leş­dir­mek­de se­riş­de we usul hök­mün­de ma­tal­la­ry ýer­lik­li ula­nyp bil­me­giň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Ma­tal halk dö­re­di­ji­li­gi bol­mak bi­len, ça­ga­nyň ter­bi­ýe­sin­de uly or­na eýe­dir. Ça­ga ma­tal­la­ryň ýor­gu­dy­ny, çöz­gü­di­ni tap­mak üçin daş-tö­we­re­gi iç­gin öw­ren­ýär, te­bi­ga­ta bo­lan ga­raý­şy üýt­ge­ýär. Ça­ga­da duý­gu­daş­lyk, mäh­rem­lik ýa­ly hä­si­ýet­ler ter­bi­ýe­len­ýär, dü­şün­je­si gi­ňe­ýär. Ma­tal ça­ga­nyň di­ňe bir ter­bi­ýe­si­ne tä­sir et­män, eý­sem, pi­kir­le­niş uky­by­ny, üns­lü­li­gi­ni, syn­çy­ly­gy­ny, ugur­ta­py­jy­ly­gy­ny, söz­le­ýiş de­re­je­si­ni ös­dür­mek­de we iş­jeň­li­gi­ni ga­zan­mak­da uly ýar­dam ed­ýär. Ma­ta­lyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy onuň lo­gi­ki me­se­le bo­lup dur­ýan­dy­gyn­da­dyr. Her bir ma­tal açyk ýa-da ýa­pyk gör­nüş­de ber­len so­rag­dan dur­ýar. Ma­tal­la­ryň ma­ny-maz­mu­ny ada­myň dur­mu­şy, daş-tö­we­rek, ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si, te­bi­gy ha­dy­sa­lar, dur­muş, zäh­met gu­ral­la­ry bi­len bag­ly bol­ýar.

Sanly bilim ulgamy – döwrüň derwaýyslygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Ýurdumyzda bu möhüm ulgamyň işini düýpli kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, sanly bilimi ornaşdyrmakda, dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Ylymly-bilimli ýaşlar biziň ertirimizdir. Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan

Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmek aýratyn many-mazmuna eýe bolýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyş döwründe Arkadagly Serdary bilen öňe sary ädimläp, döwletli döwrany gurýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurduň ýaş nesliniň daşary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr. Şonuň üçin hem milli Liderimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär. Milli Liderimiz daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” kabul etdi. Bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Hut şunuň özi hem Arkadagly Prezidentimiziň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek boýunça alyp barýan döwletli syýasatynyň aýdyň görkezijisidir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu ugurda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örboýuna galýar. Bu babatda üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürülip, de

Maglumat tehnologiýalaryň elektron sözlügi işe girizildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy (DGA) ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) bilen bilelikde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň (MKT) üç dilli sözlügi bilen Türkmenistanda ilkinji ykjam goşundyny işe girizdi.  IT Sözlük atly bu täze goşundyny App Store we Google Play arkaly ýükläp alyp bolýar. Iňlis-rus-türkmen sözlügi degişli hünärmenler we MKT bilen gyzyklanýanlar ählisi üçin niýetlenendir. Ýurduň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu babatda USAID ýurduň döwlet dolandyryş ulgamyna dünýä derejesindäki sanly çözgütleri girizmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edýär. DGA USAID bilen hyzmatdaşlykda, ýurduň döwlet edaralarynda sanly ulgamlary ösdürmek maksady bilen MKT hünärmenleriň potensialyny ýokarlandyrmak boýunça işleri alyp barýar.

Bilim ulgamy döwrebaplygyň ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ylym, bilim ulgamy belent sepgitleri nazarlap, uly üstünliklere beslenýär. Okamak, bilim almak - bize ata-babalarymyzdan galan mirasdyr. Pederlerimiz okamak, ylym öwrenmek bilen dünýä akyl ýetiripdirler. Dana atamyz Magtymguly Pyragynyň «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýen setirlerini okanymyzda hem geçmiş pederlerimiziň kitaba, ylym-bilime hormatynyň uludygyny bilmek bolýar. Arkadagly Serdarymyz hem ata-babalarymyzdan gelýän ýoly dowam etmek, olara sarpa goýmak barada yzygiderli tagallalary edýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberi ep-esli ýokarlandy we häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin gurulýan täze binalaryň sany hem artdy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hilini dünýä derejesinde laýyk ýola goýmak, ýaş neslimize döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, türkmen halkynyň geçmişde ýörelge edinen, taryhy döwürleriň içinde gaýnap, durmuşyň synaglaryndan geçip, biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, onuň bilen ugurdaşlykda ösen döwletleriň bilim ulgamyny dolandyrmakdaky tejribesine daýanmak däbe öwrüldi.

Dilim bar — dünýäm bar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Bu günki gün ýurdumyz daşary syýasatda hoşniýetli, özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Biziň döwletimiz bilen uzak möhletli we köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanmalaryň barha artýandygy Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatynyň halkara ähmiýetine şaýatlyk edýär. Daşary ýurtlar bilen barha giňeldilýän we ösdürilýän ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklaryň netijesinde, Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraý-mertebesi gün-günden artýar. Bu bolsa ýurdumyzda dünýä dillerini öwrenmegi we olary ýaş nesle öwretmegi has-da kämilleşdirmegi, onuň döwrebap usulyýetleriniň özleşdirilmegini talap edýär. Çünki dünýä döwletleri bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda aragatnaşygyň serişdesi, ylym we usulyýet maglumatlaryny almagyň çeşmesi hökmünde daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti örän uludyr.

Kämilligiň berk bin­ýa­dy

Ylym-bi­li­mi ös­dür­mek ösüş­le­riň baş şer­ti bo­lup, her bir işiň göz­ba­şyn­da ol esa­sy orun­da dur­ýar. Şo­nuň üçin hem san­ly ul­ga­myň dür­li pu­dak­la­ra or­naş­dy­ryl­ýan hä­zir­ki dö­wrün­de kä­mil yl­ma da­ýan­ýan in­no­wa­si­ýa­la­ra mö­hüm orun de­giş­li­dir. Ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­my­zyň her bir bö­le­gi­ni kä­mil­leş­dir­mek, teh­no­lo­gi­ýa­laş­dyr­mak bi­len biz bar­ha iş­jeň­leş­ýä­ris. Hal­ky­myz­da ylym öw­ren­mek mu­kad­des ha­sap­la­nyl­ýar. Pä­him­dar ata-ba­ba­la­ry­myz ylym-bi­li­mi ös­dür­me­giň, ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­me­giň wa­jyp­dy­gy ha­kyn­da bir­nä­çe pa­ra­sat­ly söz­le­ri, na­kyl­la­ry dö­re­dip­dir. «Ylym­ly il ozar», «Bir oka­na bar, bir — do­ka­na» ýa­ly na­kyl­lar, pa­ra­sat­ly söz­ler pe­der­le­ri­mi­ziň ylym-bi­li­me uly hor­mat bi­len ga­ran­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de hem pe­der­le­ri­mi­ziň asyl­ly ýörelgesi my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär, döw­re­bap ös­dü­ril­ýär. Hut şu jä­het­den, ýur­du­myz­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň baş mak­sa­dy ösüp gel­ýän ýaş nesli mil­li we umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry esa­syn­da ter­bi­ýe­le­mek­den, ýaş­la­ry yl­my iş­le­re çek­mek­den, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­a yl­myň ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak­dan, Wa­ta­ny­my­zyň kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­dan yba­rat­dyr.

PEDAGOGIK IŞ­GÄR­LE­RIŇ 2022—2023-nji OKUW ÝY­LY­NYŇ ÝAN­WAR USU­LY-AMA­LY OKUW­LA­RY­NY WE MAS­LA­HAT­LA­RY­NY GE­ÇIR­MEK BO­ÝUN­ÇA USU­LY MAS­LA­HAT­LAR

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan giň ge­rim­de ama­la aşy­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bi­lim ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, sag­dyn, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, çuň­ňur bi­lim­li, wa­tan­sö­ýü­ji, zäh­met­sö­ýer nes­li ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2022-nji ýy­lyň 23-nji sent­ýab­ryn­da ge­çi­ri­len Döw­let Mas­la­ha­tyn­da eden çy­ky­şyn­da: «Ylym­ly-bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly sag­dyn nes­li ter­bi­ýe­le­mä­ge örän uly äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­rin­den ugur al­nyp, ýaş nes­liň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, ylym we dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ma­gy ug­run­da giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýä­ris. Bi­lim işi­ni döw­re­bap­laş­dyr­ýa­rys, mil­li mak­sat­na­ma­la­ry, kon­sep­si­ýa­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýä­ris. Ýaş ne­sil­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­de bi­lim al­mak­la­ry, saý­lan hü­när­le­ri­niň eýe­le­ri bol­mak­la­ry, wa­tan­çy­ly­gyň hem-de yn­san­per­wer­li­giň be­lent ru­hun­da ter­bi­ýe­len­mek­le­ri üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýä­ris. Öň­de­ba­ry­jy hal­ka­ra tej­ri­be­ler, mil­li ýö­rel­ge­le­ri­miz esa­syn­da bi­lim işi­ni kä­mil­leş­dir­ýä­ris. Şä­her­dir oba­la­ry­my­zy gur­şap al­ýan tä­ze bi­lim eda­ra­la­ry­n

Ýaş fizikleriň üstünligi

Ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramagynda geçirilen fizika boýunça 2-nji açyk halkara olimpiadasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Kerim Çerkezow mümkin bolan 50 utugyň ählisini ýygnap, iň ýokary netijäni görkezdi. Ol bu üstünligi dünýäniň 13 döwletine wekilçilik edýän 57 ýokary okuw mekdebiniň 170-den gowrak talybynyň arasynda gazandy. Ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdebi tarapyndan geçirilen halkara olimpiada gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden daşary Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistanyň, Rumyniýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Hindistanyň, Pakistanyň, Kipriň, Koreýanyň we Täjigistanyň bilim ojaklaryndan ýüztutmalar gelip gowuşdy. Olimpiadanyň eminleri gatnaşyjylaryň 84-siniň işlerini birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp gördüler.

Röwşen geljegiň bagtyýar eýeleri

Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almagy, ylym bilen içgin gyzyklanmagy, netijeli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýelemek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Häzirki wagtda ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni aň-bilim taýdan ösen bolmagy, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli durmuş-ykdysady şertler döredilýär. Olara uly ynam bildirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ylym, tehnika we innowasion ösüş babatda derwaýys wezipeler kesgitlenip, olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bu ugurda ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly mümkinçilikleri döredýär. Hususan-da, bu resminamada: «Önümçiligiň ösüşiniň her bir basgançagy ylym esasynda guralyp, ýurdumyzda innowasiýalara esaslanýan senagat döredildi. Ylmyň we önümçiligiň sazlaşykly ösmegi bilen türkmen jemgyýeti özüniň ösüşinde täze basgançaga galdy» diýlip, aýratyn bellenilýär.

Hukukçynyň hünär etikasy

2016-njy ýylyň martynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly tagallalary esasynda «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine we işewür sypatlaryna bildirilýän talaplaryň we döwlet gullukçysynyň hünär işini mynasyp amala aşyrmagy üçin onuň umumy etiki kadalarynyň we özüni alyp baryş düzgünleriniň hukuk esaslary kesgitlenildi. Hünär, gulluk etikasy bilen bagly düzgünler we meseleler hukukçynyň raýatlar, şeýle hem onuň hünär işi bilen bagly beýleki gatnaşyjylar, işdeşleri, döwlet edaralary, umuman, jemgyýet bilen aragatnaşygynyň özeni bolup durýar. Döwletimizde kabul edilýän kanunçylygyň has-da ynsanperwerleşýändigini göz öňünde tutup, öz hünäriniň, gullugynyň ahlak ýörelgelerini öwrenmek her bir hukukçy üçin möhümdir. Sebäbi hukukçylar tarapyndan kabul edilýän kararlar diňe bir kanuny bolman, eýsem, adalatly bolmalydyr. Hukukçy ahlagyň esasyny düzýän adalat we borç, ýagşylyk, päk ynsaplylyk, abraý we mertebe düşünjelerine dogry düşünip, öz iş tejribesinde giňden peýdalanmalydyr.

Ylym-bilime tarap aýdyň ýol

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Preziden-timiziň baştutanlygynda ylym-bilime, ýaşlaryň hünärlerine aýratyn üns berilýär. Esasan hem ýaşlaryň öz saýlap alan hünärlerine oňat düşünýän, ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde bu ugurdan möhüm işler alnyp barylýar, ýaşlar hünäre ugrukdyrylýar we olaryň ylymly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Garaşsyz, he-mişelik Bitarap Watanymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan üs-tünliklere, eýelenýän belent sepgitlere tüýs ýürekden buýsanýarys. Ylym-bilim ulgamynda milli özgertmelerimiz üstünlikli alnyp barylýar we maksatnamalarymyz durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň eşretli günlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Ýurdumyzda ähli pudaklar üçin giň dünýägaraýyşly, çuňňur pikirlenip bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak giň gerimde dowam edýär. Ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň maksada laýyk durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzygiderli kämilleşdirip, ony hil taýdan täze derejä çykarýar. Täze ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy häzirki döwürde zerur bolan hünärleriň sanawynyň giňeldilmegi muňa ýardam e

Ýaş mugallymlara nesihatlar

«Gaharlanma, sabyr et...” Arap ýazyjysy Aýt-al Karniniň: «Gaharlanma, sabyr et, saklan, gaharyňy gizle, ýumşa we geçirimli bol. Ömür öýke edip ýörerden örän gysgadyr” diýen sözleri hem mugallymçylyk bilen, edep-terbiýe bermek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Dil bilen dünýäni gezer

Täze taryhy döwürde ýaşlara dilleri öwretmek, şeýle hem olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ösüşlerine uly goşant goşjak ýaşlary kämil edip ýetişdirmek bu günki günüň möhüm talaby bolup durýar. Şonuň üçin hem bilim bermegiň iň täze usullary, netijeli görnüşleri işlenip taýýarlanylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny, ony öwretmegiň okuw-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyryp, ýaş nesliň dil biliminiň ösdürilmegine itergi berýär. Munuň özi talyp ýaşlaryň dünýä dillerini çuňňur öwrenip, özleşdirmeginde, erkin gürläp bilmeginde örän ähmiýetlidir. Talyp ýaşlaryň dünýä dillerini çalt öwrenip, söz baýlygyny artdyrmaklary üçin, ilkinji nobatda, olaryň arasynda sözleýiş diliniň köp ulanylmagyna üns berilýär. Geçilýän sapaklarda talyplaryň biri-birleri bilen sorag-jogap alyşmaklary, görkezme esbaplaryndan, wideoýazgylardan peýdalanylmagy, dünýä dillerinde ýazylan kiçi göwrümli eserleriň terjime edilmegi, dürli sahna oýunlarynyň ýerine ýetirilmegi sözleýiş diliniň ösdürilmeginde örän ähmiýetlidir. Bu babatda häzirki wagtda sanly bilim ulgamynyň, döwrebap tehnologiýalaryň hyzmatyndan giňden peýdalanylýar. Ýeri gelende aýtsak, daşary ýurt d

Döwrebap kitaphana hyzmatlary

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Tejen etrap merkezi kitaphanasy tarapyndan okyjylaryň arasynda baý many-mazmunly çäreler guralyp, olara döwrebap kitaphana hyzmatlaryndan netijeli peýdalanmak ugrunda giň mümkinçilikler döredildi. Munuň özi okyjylaryň gyzyklanmasyny artdyryp, kitaphana höwes bilen gatnamaga itergi berdi. Etrap merkezi kitaphanasy bitewi elektron kitaphana ulgamyna birikdirilendir. Bu bolsa, okyjylara elektron kitaplaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga şert döredýär. Şu ýylyň başyndan bäri elektron kitaplaryň hyzmatyndan peýdalananlaryň sany has-da köpeldi. Şonuň bilen birlikde, etrap merkezi kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan kitaplaryň ýüzlerçesi elektron kataloga salyndy.

Döwrebap mümkinçilikler

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan mil­li bi­lim ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, bi­lim eda­ra­la­ry­na san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýaş­la­ryň oka­ma­gy, öw­ren­me­gi, döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, wa­tan­sö­ýü­ji, edep­li-ter­bi­ýe­li, kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin taý­syz ta­gal­la­lary ed­ýär. San­ly bi­lim ul­ga­my­nyň bar­ha kä­mil­leş­ýän döw­rün­de okat­ma­gyň usul­la­ry we se­riş­de­le­ri has-da gi­ňäp, kä­mil de­re­jä ýet­ýär. Bi­lim ber­mek işi­niň gün­sa­ýyn kä­mil­leş­ýän döw­rün­de okat­ma­gyň in­no­wa­sion usul­la­ry, san­ly bi­lim ar­ka­ly bi­lim ber­mek işi aý­ra­tyn or­na eýe bo­lup dur­ýar. San­ly bi­lim ul­ga­my­nyň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len bi­lim ber­me­giň äh­li bas­gan­çak­la­ry ýo­ka­ry hil­li elekt­ron bi­lim mag­lu­mat­la­ry bi­len üp­jün edil­di, şeý­le-de bi­lim ber­me­giň maz­mu­ny baý­laş­dy­ry­lyp, hi­li ýo­kar­lan­dy­ryl­dy. Esa­san-da okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti kä­mil­leş­di­ril­di. Uzak ara­lyk­dan okat­mak işi ýo­la go­ýul­dy. Şun­da mu­gal­lym­la­ryň gu­ra­ýan sa­pak­la­ry­nyň ne­ti­je­li­li­gi ýo­kar­lan­dy, şol bir wagt­da in­ter­net ul­ga­my­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri ar­ka­ly hem dür­li gol­lan­ma­lar­dan, mag­lu­mat­lar­dan peý­da­lan­mak

Bi­lim ul­ga­myn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­ny

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len bi­lim ul­ga­my döw­re­bap öz­ger­dil­ýär, ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mä­ge örän uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak, bi­lim mak­sat­ly bi­na­la­ry gur­mak iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Bi­lim eda­ra­la­ry üçin gur­lan tä­ze bi­na­lar döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün edi­lip, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da bi­li­miň ma­ny-maz­mu­ny­ny baý­laş­dyr­mak, hi­li­ni dün­ýä de­re­je­si­ne la­ýyk ge­tir­mek mak­sa­dy bi­len, san­ly bi­lim ul­ga­my ös­dü­ril­ýär. Bi­lim ul­ga­my­na yl­myň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry we okat­ma­gyň in­no­wa­sion usul­la­ry giň­den or­naş­dy­ryl­ýar.