Çagalar baglarynda oýun usullaryny ulanmak
Çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň, saglygynyň, mekdebe taýýarlygynyň talabalaýyk bolmagyny göz öňünde tutup, mekdebe çenli ýaşly çagalaryň ýönekeý matematiki düşünjelerini ösdürmekde öwrediji oýunlaryň uly ähmiýeti bar.Ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmekde peýdalanylýan öwrediji oýunlar birnäçe toparlara bölünýär, ýagny olara sanlar bilen oýunlar, wagt düşünjelerini öwretmek boýunça oýunlar, ugur kesgitlemegi öwredýän oýunlar, geometrik şekiller bilen geçirilýän oýunlar, pikirleniş ukybyny ösdüriji oýunlar degişli bolup durýar. Çagalara 10-a çenli öňe we yza sanamagy öwredýän oýunlar hem bar. Ertekileriň esasynda oýunlar guralyp, dürli predmetleriň toparlary deňeşdirilip, çagalar 1-den 10-a çenli sanlar bilen tanyşdyrylýar. San tagtasyndaky ýerleşdirilen predmetleriň toparlary deňeşdirilýär we çagalara sanlary yzygiderlilikde ýerleşdirmek tabşyrylýar. «Haýsy san ýitdi?», «Näçe?», «Ýalňyşlygy düzet!», «Sanlary kemeldýäris», «Goňşulary atlandyr!» ýaly öwrediji oýunlary dine sapakda däl-de, sapakdan daşary pursatlarda hem oýnatmak mümkin. Şeýle oýunlar arkaly, 10-a çenli sanlary erkin ulanyp, çagalaryň öz hereketl