Çagalar bagynda gurnaklaryň işini guramagyň ýollary
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy» ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň, saglygynyň, mekdebe taýýarlygynyň talabalaýyk bolmagyny göz öňünde tutýar.