"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Çeper el­leriň ussatlygy

Ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň we Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň bi­le­lik­de yg­lan eden «Iň go­wy gyz­lar gur­na­gy» at­ly bäs­le­şi­giniň mek­dep tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Bäs­le­şi­giň mak­sa­dy ýur­du­my­zyň umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­rin­de he­re­ket ed­ýän gur­nak­la­ryň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, okuw­çy gyz­la­ry el iş­le­ri­ne, dür­li hü­när­le­re ug­ruk­dyr­mak, mil­li ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­na söý­gi­ni dö­ret­mek we däp-des­sur­la­ry­my­za hor­ma­ty art­dyr­mak bo­lup dur­ýar.

Okuw­çy­la­ra wa­tan­çy­lyk dü­şün­je­le­ri öw­re­dil­ýär

Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly ýur­du­my­zyň äh­li ýaş­la­ryn­da, ýaş hü­när­men­le­rin­de, okuw­çy­lar­da uly buý­sanç dö­ret­di. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň biz ýaş­la­ra uly ynam bil­dir­ýän­di­gi­ni aň­lad­ýar. Bu yna­my öde­mek hem-de okad­ýan okuw­çy­la­ry­myň wa­tan­sö­ýü­ji, zäh­met­sö­ýer, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­kar­ýan, ka­nun­la­ry­my­za, mil­li däp-des­sur­la­ry­my­za hor­mat goý­ýan ýaş­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri üçin ta­ryh der­sin­den geç­ýän sa­pak­la­rym­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ki­tap­la­ryn­dan peý­da­lan­ýa­ryn. Te­ma­ny şol ki­tap­lar­da­ky na­kyl­la­ryň, ro­wa­ýat­la­ryň üs­ti bi­len öw­red­ýä­rin. «Ýaş­lar ba­ra­da­ döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň maz­mu­ny­ny okuw­çy­la­ra dü­şün­dir­ýä­rin. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ge­çen zäh­met we dur­muş ýol­la­ry, wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi, zäh­met­sö­ýer­li­gi ýaş­la­ry­myz üçin nus­ga­lyk mek­dep­dir. Hä­zir­ki wagt­da Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne go­şant goş­mak, öz we­zi­pä­ňi ak ýü­rek bi­len ber­jaý et­mek mu­kad­des borç­dur. Bu ba­ra­da Gah­ry­man

Hü­när — akar bu­lak, ylym — ýa­nar çy­rag

Wa­ta­ny­my­zyň kuw­wat­ly gel­je­gi bo­lan türk­men ýaş­la­ry­nyň ýo­ka­ry hil­li bi­lim al­mak­la­ry, öz ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny açyp gör­kez­mek­le­ri, hü­när us­sat­ly­gy­ny ele alyp, üs­tün­lik­le­ri ga­zan­mak­la­ry, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mek­le­ri, kä­mil­leş­mek­le­ri üçin ýurdumyzda giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len­dir. Zer­gär­çi­lik, nak­gaş­çy­lyk, ha­ly­çy­lyk ýa­ly mil­li hü­när­le­ri­miz bi­len bir­lik­de, hä­zir­ki döw­ür­de tä­ze hü­när ugur­la­ry­nyň açyl­ma­gy ýaş­la­ryň kä­mil hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ne ýar­dam ber­ýär. Jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lan ada­myň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak baý­ly­gy ylym-bi­lim­dir. Şeý­le baý­ly­gyň eýe­si bo­lup bi­len halk bol­sa, jem­gy­ýe­ti yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mä­ge, döw­le­ti kuw­wat­lan­dyr­ma­ga ukyp­ly­dyr. Yl­myň ös­me­gi bi­lim kä­mil­li­gi­ne bag­ly­dyr. Bi­lim bol­sa ýaş nes­liň so­wat­ly­lyk ýo­lun­da­ky il­kin­ji ädim­le­ri­niň bi­ri­dir. Yn­san bi­li­miň il­kin­ji şi­ne­le­ri­ni maş­ga­la­da, ça­ga­lar ba­gyn­da, mek­dep­de öw­ren­ýär. Ça­ga­nyň kä­mil adam bo­lup ýe­tiş­me­gin­de maş­ga­la­nyň, mek­de­biň, mu­gal­ly­myň, ha­ly­pa­nyň or­ny örän ulu­dyr. Yn­sa­nyň ynam­ly dos­ty onuň so­wat­ly­ly­gy­dyr. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň: «Alym­la­ra uý­saň açy­lar gö­züň» di­ýen goş­gy se­tiri­niň ma­ny-maz­mu­ny has-da özü­ne çe­ki­ji­dir. Da­na şa

Ne­sil ter­bi­ýe­si

Türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly ta­ry­hy, ga­dym­dan gel­ýän mil­li me­de­ni­ýe­ti, däp-des­sur­la­ry bar. Bu gym­mat­ly mi­ra­sa be­lent sar­pa go­ýup, gel­jek ne­sil­le­ri hem mil­li ruh­da ter­bi­ýe­le­mek asyl­ly ýö­rel­ge­dir. Ýur­du­myz­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ösüp gel­ýän ýaş­lar ba­bat­da edil­ýän ala­da­lar­da ata-ba­ba do­wam edip gel­ýän asyl­ly ýol-ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň aý­dyň şöh­le­len­me­si­ni gör­ýä­ris. Ýaş­la­ra za­ma­na­bap mil­li bi­lim-ter­bi­ýe ber­mek, ola­ryň il­ha­lar yn­san­lar, döw­re­bap hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ug­run­da döw­le­ti­miz­de uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­la­ry­myz­da bi­na­gär­lik ba­bat­da dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän, hä­zir­ki za­man ösen teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da, san­ly ul­ga­ma da­ýa­ny­lyp en­jam­laş­dy­ryl­ýan mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­dan baş­lap, umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep, ýo­ka­ry okuw mek­dep bi­na­la­ry gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Mil­li ýol-ýö­rel­ge­le­re esas­la­nyp, bi­lim we ter­bi­ýe ber­mek işin­de bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ry bi­len maş­ga­la­nyň öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la go­ýul­ýar.

Sanly bilim ulgamynda maglumat goruny döretmek

«7/24. tm», № 05 (140), 30.01.2023 Ösen tehnologiýalar bilen aýakdaş gitmek döwrüň talabydyr. Ylmyň iň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak ösen döwletlerde wajyp hem hökmany hasaplanýar. Berkarar döwletimizde hem sanlylaşdyrma uly üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

“Dil bilen dünýäni gezer”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” hereket edýär. Bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Hut şunuň özi hem Arkadagly Prezidentimiziň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek boýunça alyp barýan döwletli syýasatynyň aýdyň görkezijisidir. Türkmen halkynda “Dil bilen dünýäni gezer” diýen söz bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu sözüň ähmiýeti, gymmaty has-da rowaçlanýar. Bu günki gün ýurdumyzyň orta, ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara dürli bilimleri bermek bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini hem öwretmäge uly üns berilýär. Bu ugurda bilim ulgamynda döwrebap tejribe toplanyldy. Ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara daşary ýurt dilleri ýörite meýilnamalar esasynda öwredilýär. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän orta mekdepler hereket edýär. Diýarymy

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde uçurym dabarasy geçirildi

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunukasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde, 2020-2023 ýyllarda bilim alan talyplaryň uçurym dabarasy geçirildi.

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň syýasy, ykdysady hem-de medeni ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de bu ugurda geçirilýän özgertmeler barha rowaçlanýar. Şeýle hem, ýuirdumyzda hereket edýän “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda örän ähmiýetlidir. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw işini ele almagyny üpjün edýän innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak - bu Konsepsiýanyň esasy maksadyny düzýär. Ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap we ýokary hilli bilim bermekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde milli we dünýä tejribeleri öwrenilip, okatmagyň we terbiýelemegiň innowasion usullary, kämil serişdeleri milli bilim ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: “Biziň esasy wez

Ajaýyp üstünlikler

Uly joşgun bilen garşylanylan 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ähli halkymyzda, aýratyn hem biz ýaşlarda egsilmez buýsanç duýgularyny döretdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ruhy-ahlak we terbiýe taýdan kämil, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi jemgyýetimiziň, döwletimiziň ösüşlerine oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň gazanýan ähli üstünliklerinde, eýeleýän belent sepgitlerinde, mundan beýläk-de gülläp ösmeginde mähriban halkymyzyň, aýratyn-da ýaşlarymyzyň hyzmaty bar. Ýakynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyz bu mejlisde eden taryhy çykyşynda «Biz ýaşlarymyzy ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys. Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn» diýip belledi. Elbetde, bu belent ynam her bir ýaş türkmen raýaty üçin uly buýsanç, mukaddes borçdur. Biz — talyp ýaşlar hem özümize bildirilen ynamy ödäp, ylymly-bilimli ussat hün

Sanly dolandyryş durmuşymyzda

Türkmenistan Watanymyzda bilim ulgamy, sanly dolandyryş we medeni gatnaşyklar güýçli depginde ösýär. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde saýtlaryň we dürli hilli portallaryň döredilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary saýtlardan gündelik sapaklary üçin zerur okuw maglumatlaryny tiz wagtyň dowamynda tapyp, alyp, ulanyp bilýärler. Şeýle hem, olar daşary ýurtlaryň mekdepleriniň sanly ulgamyna birigip, özara sapaklary we maslahatlary geçirmäge, pikir alyşmaga mümkinçilik alýarlar. XXI asyrda innowasion tehnologiýalar batly depginde ösýär we bilim ulgamynda giňden peýdalanylýar, öwreniş döwri hili taýdan has-da ýokary we peýdaly görnüşe öwrülýär. Bu bolsa talyplaryň we okuwçylaryň biliminiň derejesiniň ösmegine getirýär.

Ýol hereketine bagyşlanan bäsleşik

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Çagalar awtoşäherçesinde harby okuwçylaryň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan «Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek biziň borjumyzdyr!» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi, «Esger» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebi bilelikde guradylar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň — mekdep okuwçylarynyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde, ýol hereketiniň kadalaryny doly berjaý edip, ýaşlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyna jogapkärli garamaklaryny gazanmakda uly ähmiýete eýe bolan bu bäsleşik örän çekeleşikli boldy. Oňa harby mekdebiň harby okuwçylaryndan düzülen, her biri 5 okuwçydan ybarat bolan 6 topar gatnaşdy.

Harby talyplarymyzyň üstünlikleri

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary tutumly işlere höweslendirmek, şol bir wagtda olaryň sagdyn kemala gelmekleri, sport bilen ýakyndan meşgullanmaklary, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän ders bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna gatnaşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ine, şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň arasynda, Halkara internet olimpiadalary, ders bäsleşikleri, hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII uniwersiadanyň düzüminde bolan sportuň birnäçe görnüşi boýunça ýaryşlar guralyp, olaryň jemleri jemlenildi. Bu ýaryşlara biziň Serhet institutymyzyň harby talyplary hem gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezmegi başardylar. Bäsleşikleriň netijesinde öňe saýlanan harby talyplarymyz Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary, diplomlar hem-de baýrakly orunlara baglylykda kümüş, bürünç medallar bilen sylaglandylar. Harby talyplarymyzy bu baýrakly orunlary bilen tüýs ýüregimizden gutlap, mundan beýläk hem olaryň zehininiň has-da gül açmagyny arzu

Hukuk bilimleri kämilleşdirilýär

Eziz Diýarymyzda ömürlerini ata Watanyň, ene topragyň ykbaly bilen baglan merdana Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş we hukuk goraglylygyny kepillendirmek, harby gullukçylar hem-de olaryň maşgala agzalary üçin ýeterlik we mynasyp durmuş derejesini döretmek, gulluk we gündelik ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Mähriban halkymyzyň asudalygyny gözleriniň göreji deýin goraýan harby gullukçylaryň ýurdumyzda hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde hereket edýän harby gullukçylaryň, gullukçylaryň we işçileriň durmuş kepillikleri, hukuklary, borçlary we jogapkärçilikleri barada hukuk namalaryny giňden wagyz etmek, harby gullukçylaryň hukuk bilimlerini kämilleşdirmek, şeýle-de harby bölümlerde harby düzgün-nyzamy has-da berkitmek maksady bilen, ýakynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginiň polkownik Röwşen Aýazowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynda ýerleşýän harby bölümleriniň harby gullukçylarynyň gatnaşmagynda çäre guraldy. Geçirilen wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda şäher harby prokuraturasynyň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň wekilleriniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Terbiýeçilik işleri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, podpolkownik Nurmuhammet Öwlýägulyýewiň hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müd

Röwşen geljege barýan ýolda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ähli işler, belent maksatly tutumlar, ilkinji nobatda, halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şonuň üçinem «Döwlet adam üçindir!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarymyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň esasy ýörelgesi bolup durýar. Munuň özi halkyň, aýratynam ýaş nesliň abadan, bagtyýar durmuşy baradaky aladanyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýurdumyzda ýaşlaryň döwür bilen aýakdaş gitmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň häzirki zaman tehnologiýasyndan baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine we olaryň bilim derejeleriniň has-da kämilleşmegine uly üns berilýär. Ähli okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilýändigi, ýaşlaryň iň kämil tehniki serişdelerden, internet torundan peýdalanmaklaryna giň ýoluň açylýandygy munuň aýdyň mysalydyr. Döredilýän mümkinçiliklerden üstünlikli peýdalanýan ýaşlarymyz dürli ugurlar boýunça geçirilýän halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýärler.

Okuwçylaryň halkara üstünlikleri

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», şeýle-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýaşlar hem mynasyp goşant goşýarlar. Munuň şeýledigini gazanylýan halkara üstünliklerden hem görmek bolýar. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly geçirilýän halkara bäsleşikleriň aglabasynda talyp ýaşlar bilen bir hatarda okuwçylaryň hem baýrakly orunlara mynasyp bolýandygy diýseň buýsandyryjydyr. Bu babatda Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçylarynyň halkara bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri bellenilmäge mynasypdyr.

Baş­lan­gyç synp­lar­da oýun­lar­dan peý­da­lan­mak

Baş­lan­gyç synp­lar­da oýun­lar esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Ça­ga­la­ryň söz­le­ýiş en­dik­le­ri­ni ös­dür­mek­de, dil baý­ly­gy­ny art­dyr­mak­da dür­li usul­lar­dan peý­da­lan­ýa­rys. Şun­da, esa­san iň­lis di­li sa­pak­la­ryn­da okuw­çy­la­ryň eşi­diş we söz­le­ýiş en­dik­le­ri­ni ös­dür­mek­de oýun­lar­dan peý­da­lan­mak tä­sir­li bol­ýar. Sa­pak­da oýun­la­ry gu­ra­mak ça­ga­la­ryň çalt pi­kir­len­mek en­dik­le­ri­niň, gy­zyk­lan­ma­la­ry­nyň art­ma­gy­na, ola­ryň sa­pa­ga iş­jeň gat­naş­ma­gy­na oňaý­ly tä­sir ed­ýär. Bil­şi­miz ýa­ly, oýun­la­ryň hem dür­li gör­nüş­le­ri bar­dyr. Mu­gal­lym şo­lar­dan öw­red­ýän te­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da ne­ti­je­li­si­ni saý­lap al­ma­ly bol­ýar. My­sal üçin, «Kim köp tap­dy?» oý­ny iň­lis di­li sa­pa­gyn­da okuw­çy­la­ryň bi­lim­le­ri­ni we ba­şar­nyk­la­ry­ny art­dyr­mak­da örän tä­sir­li­dir. Bu oýun­da mu­gal­lym ge­çi­len harp­la­ra de­giş­li söz­ler aýt­mak bo­ýun­ça syn­py iki to­pa­ra bö­lüp ýa­ryş­dyr­ýar. Bi­rin­ji to­par­dan «Bb» har­pa de­giş­li sö­zi aý­dan okuw­çy­nyň yzyn­dan beý­le­ki to­par­dan bir okuw­çy şol har­pa de­giş­li sö­zi ýa-da söz­le­mi aý­dyp do­wam ed­ýär. Eger haý­sy hem bol­sa bir okuw­çy şol sö­zi tap­ma­sa, on­da gar­şy­syn­da­ky to­par ýe­ňi­ji diý­lip yg­lan edil­ýär.

Bi­lim­li ýaş­la­ra buý­sanç

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da bi­lim ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak ug­run­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän top­lum­la­ýyn iş­le­riň hem-de ýaş­la­ry­my­zyň bag­ty­ýar gel­je­gi­ni na­zar­la­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de sag­dyn, ru­hu­be­lent, dö­re­di­ji­lik­li, zäh­me­te ukyp­ly ýaş­lar ke­ma­la gel­ýär. Ylym we bi­lim ul­ga­my­na tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň yzy­gi­der­li or­naş­dy­ryl­ma­gy ýaş­la­ryň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly ter­bi­ýe­len­me­gi­ne uly iter­gi ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bi­lim ul­ga­my­ny dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ry­nyň de­re­je­si­ne ýe­tir­mek­de ze­rur bo­lan äh­li şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni buý­sanç bi­len bel­läp bi­le­ris. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da we ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da tä­ze ça­ga­lar bag­la­ry, or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Okuw­çy­la­ry okat­mak­da dün­ýä­niň iň kä­mil en­jam­la­ry­nyň kö­me­gi bi­len tä­ze usul­lar ula­nyl­ýar, şo­la­ryň ara­syn­da okat­ma­gyň in­te­rak­tiw usu­ly­ýe­ti aý­ra­tyn ta­pa­wut­lan­ýar. Şeý­le-de san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­rin­den giň­den peý­da­lan­mak ar­ka­ly, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ra erk edip bil­ýän ýaş ne­sil­le­ri ýe­tiş­dir­mek äh­li pe­da­gog-mu­gal­lym­la­ryň mö­hüm we­zi­pe­le­ri bo­lup dur­ýar. Çalt ös­ýän teh­no­lo­gi­ýa­la­ry öz­leş­dir­mek­de bol­sa in­ter­ne­tiň äh­mi­ýe­ti aý­ra­t

Dil ara­gat­na­şy­gyň se­riş­de­si­dir

Hä­zir­ki ta­ry­hy dö­wür­de ene di­li­mi­zi yl­my esas­da öw­ren­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Dün­ýä dil­le­ri­ni öw­ren­mek, türk­men di­li­ne çuň­ňur dü­şün­mek dil­çi alym­la­ryň asyl­ly ýö­rel­ge­si bo­lup dur­ýar. «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» diý­lip at­lan­dy­ry­lan ýyl­da hem ylym-bi­li­miň ösü­şi­ne, ýaş­la­ryň giň dün­ýä­ga­raý­şy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýaş­la­ryň bi­lim al­mak­la­ry, kä­mil hü­när­men­ler bol­mak­la­ry üçin, il­kin­ji no­bat­da, ene dil­le­ri­ni bil­mek­le­ri, mil­li ruh­da ter­bi­ýe­len­mek­le­ri wa­jyp bo­lup dur­ýar. Mu­nuň üçin bol­sa, or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de türk­men di­li­niň çuň­ňur öw­re­dil­me­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Munuň özi, il­ki bi­len, ýaş­la­ryň oka­ýan ugur­la­ry­na çuň­ňur dü­şün­mek­le­ri­ne, pi­ki­ri­ni sag­dyn be­ýan et­mek­le­ri­ne, iň esa­sy bol­sa, dün­ýä­ga­ra­ýyş­la­ry­ny gi­ňelt­mek­le­ri­ne oňat tä­sir ed­ýär. Bu gün­ki bag­ty­ýar ýaş­la­ry­my­za dün­ýä dil­le­ri öw­re­di­len­de, ilkinji nobatda, ola­ra bu ba­ra­da öz saý­lap alan hü­när­le­ri bo­ýun­ça gi­ňiş­le­ýin dü­şün­je be­ril­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň köp dil bil­mek ba­ra­da­ky pä­him­le­ri­dir sar­gyt­la­rynyň kä­mil­li­ge ýet­me­giň aça­ry­dy­gy ýaş­la­ra dü­şün­di­ril­ýär. Ýaş­la­ryň köp dil bil­mek­le­ri ola­ryň dün­ýä­niň iň tä­ze açyş­la­ry, yl­my ede­bi­ýat­la­r bi­len ta­nyş bol­mak

Okuwçylarymyz ― guwanjymyz

Ilimize her ýyl mynasyp ady bilen gelýär. Üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy bolsa göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Sebäbi biz ýurdumyzyň geljekki eýeleri boljak ýaşlara bilim-terbiýe bermek ýaly örän jogapkärli iş bilen meşgullanýarys. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur bilimli, başarjaň, ahlakly, watançy ýaşlary kemala getirmek boýunça öňde goýan jogapkärli wezipelerinden ugur alyp, işimize döredijilikli çemeleşýäris. Çekýän yhlasly zähmetimiziň miwesini okuwçylarymyzyň dürli derejeli ders bäsleşiklerinde gazanýan ýokary netijelerinde görýäris. Bu babatda tamamlanan ýylda uly üstünliklere eýe bolduk. Bilim ojagymyzyň okuwçylaryndan Alymuhammet Muradow matematika dersinden, Meýlis Nurmyradow taryh dersinden, Jennet Ýagmurowa biologiýa dersinden, Selbi Arapowa geografiýa dersinden, Serdar Allaberdiýew bolsa informatika dersinden etrap bäsleşiginiň ýeňijileri boldular. Olar welaýat derejesinde geçen bäsleşikde hem üstünlikli çykyş etdiler. Zehinli okuwçylarymyz häzirki günlerde geçirilýän ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar. Olaryň ýene-de bizi begendirip, baýrakly orunlaryň eýeleri boljakdygyna berk ynanýarys. Şeýle ynam bolsa bilim ojaklarynda netijeli zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bizi Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza wepaly, okamaga, bilmäge höwesli, beýik döwrü

Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi sürüjilik okuwlarynyň nyrhnamalaryny täzeledi

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi öz resmi saýtynda ähli derejeler boýunça geçilýän sürüjilik okuwlarynyň nyrhnamalaryna üýtgetmeleriň girizilendigini habar berýär. Degişli üýtgetmeler 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Sürüjilik okuwlarynyň täze nyrhlary bilen şu salgylanma arkaly tanyşmak bolýar.