Talyplar döwlet amaly tejribeliginde
Biziň lukmançylyk hünär mekdebimizde gyzgalaňly döwür ýetip gelýär: ýene-de sanlyja günlerden döwlet synaglary başlanýar. Bu möhüm synaga talyplaryň 50-si gatnaşar. Olar bizde akuşerçilik işi, saglygy goraýyş we öňüni alyş işi, maşgala şepagat uýasy hünärleri boýunça bilim alýarlar. Geljekki hünärmenler häzirki günlerde welaýatymyzyň saglygy goraýyş edaralarynda döwlet amaly tejribeligini geçýärler. Olar mugallymlarymyzyň ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we dürli dertleri bejermekde zerur bolan endikleri öwrenýärler. Talyplarymyzyň bir topary welaýat köpugurly hassahanasynda bolup, ol ýerde oturdylan kämil lukmançylyk enjamlary, olary ulanmagyň ýollary bilen höwesli tanyşýar. Şeýle çemeleşme ýaş hünärmenleriň geljekde ilatyň saglygyny goramak işinde netijeli zähmet çekmeklerinde ähmiýetlidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki ugurlar bilen birlikde saglygy goraýyş ulgamy hem düýpli ösüşlere eýe bolýar. Çuňňur oýlanyşykly işlenilip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap hassahanalar, saglyk merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi. Olarda hünär kämilligine eýe bolan saglygy goraýyş işgärleri yhlasly zähmet çekýärler. Ýakyn wagtda olaryň hataryna biziň mekdebimizi üstünlikli tamamlajak ýaş hünärmenler hem goşularlar. Biz olaryň hormatly Prezidentimiziň öňde goýan jogapkär