Nebiti gaýtadan işleýjileriň ynamly gadamlary
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolan ilkinji ýyllarymyzdan başlap ägirt uly özgertmeleri başdan geçirýär. Milliardlarça amerikan dollary möçberinde maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi bilen bu toplumda katalitik reforminginiň we millisekunt katalitik krekinginiň, ýokary oktanly benzin, çalgy ýaglaryny, polipropilen öndürýän, dizel ýangyjynyň gidroarassalaýyş önümçiliginiň, şeýle hem üpjünçilik gurluşlarynyň häzirki zaman desgalary guruldy. Netijede, sanlyja ýylyň dowamynda nebiti gaýtadan işlemegiň önümçiliginiň iň häzirki zaman toplumy peýda boldy. Olaryň aglabasynyň diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, tutuş dünýäde-de deňi-taýy ýokdur. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň kerwenbaşysyna öwrülen bu toplum etillenmedik awtomobil ýangyçlaryny, awiasiýa we tehniki kerosinlerini, reaktiw we dizel ýangyjyny, mazudy, çalgy ýaglaryny, polipropileni, peç ýangyjyny, ýeňil gazoýly, nebit elektrod koksuny, suwuklandyrylan gazy, gurluşyk we ýol bitumlaryny we ýene-de birnäçe nebit önümlerini taýýarlaýar. Toplumyň önümleri eziz Diýarymyzyň eksport potensialynyň esasyny düzýänligi bilenem möhüm ähmiýete eýedir.