Ýyladyşhanada ýetişdirilýän kömelekler
Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda türkmen telekeçileriniň möhüm orny eýeleýändigini aýratyn nygtaýar. Balkanabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altynnur zamany» hususy kärhanasynyň hünärmenleri hem ýyladyşhanada kömelek ösdürip ýetişdirmekde görelde alarlyk işleri bitirmegi başarýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň berkarar döwletimizde ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek, ýurdumyzyň ilatyny daşary ýurtlardan satyn alynýan önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen ýylyň tutuş dowamynda yzygiderli üpjün etmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alýan hususy kärhananyň Düzmergen ýaýlasynda gurlan ýyladyşhanasynda bitirilýän işler döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýär. Ýylyň ähli paslynda hem kömelek ösdürip ýetişdirmek üçin daşary ýurtlardan satyn alnan döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhanada işler awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylyp, diňe hasyly ýygnap almak we olary ýaraşykly gaplara gaplamak işçileriň el güýji bilen ýerine ýetirilýär. Bu ýerde bol hasyl berýän kömelekleriň iki görnüşini ösdürip ýetişdirmek ýola goýlupdyr. Ýyladyşhanada dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri içgin öwrenilip, agrotehniki idegi kada laýyk ýola goýlup ýetişdirilýän, ekologiýa babatda