Guwandyryjy jemler, geljege ynam bilen
— Geçen ýylda ýurdumyzda uly ösüşler, düýpli özgerişlikler gazanyldy. Şeýle üstünlikde biziň müdirligimiziň agzybir we başarjaň işgärleriniň hem mynasyp zähmet paýy bar — diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow guwanç bilen gürrüň berýär. Hakykatdan-da, baýlyk çykaryjylar 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda artdyrylan gaýrat bilen zähmet çekdiler we önümleri öndürmekde ýokary netijeleri gazandylar. Has takygy, geçen ýylda tebigy gazyň 12,1 milliard kub metre golaýy öndürilip, bu baradaky meýilnama 124 göterim berjaý edildi. Şeýle-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin gymmatly çig mal bolup durýan gaz kondensatynyň hem 45,4 müň tonnadan gowragy öndürildi. Bu bolsa degişli meýilnamanyň 108 göterim berjaý edilendiginden habar berýär.