"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Sanly ulgam — döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, importyň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň maliýe sowatlylygyny artdyrmak babatda möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bazar ykdysadyýetiniň döwrebap şertlerinde sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetinde tutýan ornunyň pugtalanmagyna, bäsdeşlige ukyplylygynyň, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna uly ýardam edýär. Bazar ykdysadyýetiniň häzirki zaman şertlerinde maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň esasy maksatlarynyň biri hem ilatyň pul-karz we durmuş-ykdysady goraglylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, bank we maliýe hyzmatlaryndan işjeň peýdalanylmagyny höweslendirmekden ybaratdyr. «Altyn asyr» bank kartynyň eýeleri öz hyzmat edýän banklarynyň internet sahypalaryna girmek arkaly bank kartlaryny özbaşdak «Internet bank» hyzmatyna birikdirip bilýär. Bu bolsa, bir tarapdan, halkymyzyň gymmatly wagtyny, beýleki bir tarapdan ýol we beýleki harajatlaryny tygşytlamaga ýardam berýär.

Pudagyň rowaç menzilleri

Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda köpugurly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde belent sepgitlere ýetilip, uly ösüşler gazanylýar. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda hem sanlyja ýylyň içinde ägirt uly işler üstünlikli amala aşyryldy. Taryh üçin örän gysga döwürde senagat kuwwatlyklarynyň, önümçiligiň ýokarlandyrylmagynyň netijesinde ykdysady ösüşiň ýokary görkezijileri gazanylyp, ýurdumyzda ýaşaýyş-durmuş üpjünçilik binýady hem has pugtalandyryldy. Bitirilýän beýik işleriň hatarynda Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän hem-de Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Owadandepedäki gazdan ýokary hilli benzin öndürýän senagat düzümlerini mysal getirmek bolar. Bu senagat düzümleri önüm bolçulygynyň gazanylmagyny üpjün etmek bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hem oňyn täsirini ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şu ýylyň 15-nji ýanwarynda Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylmagy hem bu ugurdaky işleriň öňe ilerlemeginde möhüm ähmiýete eýedir. Garagum sährasynyň Lebap welaýatyna degişli çäginde ýerleşýän «Malaý» ýatagyndan indi köp ýyllardan, ýagny 1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylyp gelinýär. Bu toplum ýurdumyzyň diňe bir gündogar welaýatynyň ilatly ýerlerini, şeýle hem dürli maksatly desga

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we awtobenzini satyn aldylar, Binýatlyk ýag BAE-niň, Gazagystanyň hem-de Owganystanyň işewürleriniň söwdalaşyklarynyň esasyny düzdi.

Ykdysadyýetiň sarsmaz binýady

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda zamanabap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreleri öz içine alýar. Sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek işi, ozaly bilen, ýurdumyzda dürli ulgamlarda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň binýady bolan kompýuter, multimedia we beýleki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan binalardyr desgalary gurmakdan, şeýle hem öňden bar bolanlaryny bu enjamlaryň täze görnüşleri bilen enjamlaşdyrmakdan başlanýar. Bilşimiz ýaly, mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda, paýtagtymyzda, etraplarda, obadyr şäherlerde täze guruljak binalardyr desgalaryň gurluşyk taslamalarynda zamanabap kompýuter, multimedia we beýleki aragatnaşyk tehnologiýalary bilen üpjünçilik tarapy hökmany göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy dabaralanýar

Abraýly halkara we sebit guramalary bilen giň hem-de köpugurly gatnaşyklar Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, netijeli ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek işinde bu düzümleriň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli başlangyçlary öňe sürýär. Munuň özi bolsa, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary halkara bileleşiginiň uly goldawyna mynasyp bolýar. Öňňin milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitiniň işine gatnaşdy.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri — “ýaşyl” ykdysadyýetiň möhüm ugry

Elektrik energetikasy ulgamy milli ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudagy bolmak bilen, ýurduň beýleki düzümleriniň hem hereket etmegini üpjün edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, energetika ulgamynyň uly artykmaçlyga eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda bu ulgam diňe içerki sarp edijileriň islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, şertnamalaýyn esasda, bellenilen tertipde goňşy döwletlere elektrik energiýasy hem eksport edilýär. Elbetde, halkara jemgyýetçiligiň öňünde duran esasy meseleleriň arasynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleriniň ulanylmagyny ýaýbaňlandyrmak bilen bagly wezipeler bolup, ol howanyň üýtgemeginiň hem-de daşky gurşawa zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak ýaly meseleler bilen özara berk baglanyşyklydyr. Bu wezipeleri netijeli çözmek we durmuşa ornaşdyrmak babatynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda tutumly işler durmuşa geçirilýär.

Döwür bilen sazlaşyk

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek uzak möhletli ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga şert döredýär. Jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we kämil görnüşlerini ýola goýmaga, durmuş şertlerini gowulandyrmaga hemaýat edýär. Tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleriň azalmagyna, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňelmegine ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan, milli Liderimiziň Mejlisiň deputatlary bilen geçiren taryhy duşuşygynda eden çykyşynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin onuň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtap geçdi. Mundan başga-da, häzirki döwürde ýurdumyz sebitiň we kontinentiň möhüm ulag-logistika merkezine öwrüldi. Gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň we çig mal serişdeleriniň ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek we gaýtadan işlemek, şeýle hem ýokary goşmaça binýady bolan taýýar önümleri öndürmek milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi maýa goýumlaryny çekmek, kärhanalary hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmek, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän, iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilelikdäki kärhanalary döretmegi höweslendirmek, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmek zerurlygyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alnyşyny döwrebap ýagdaýa getirmek mak

«Şöh­lat öýü­niň» geç­gin­li önüm­le­ri

We­la­ýat mer­ke­zin­de go­laý­da şeý­le at bilen söw­da dü­kan­ly tä­ze önüm­çi­lik peý­da bol­dy. Adyn­dan bel­li bol­şy ýa­ly, bu ýer­de ila­ta dür­li gör­nüş­li, go­wy hil­li şöh­lat­lar hö­dür­le­ni­lip baş­lan­dy. Täze önüm­çi­li­giň iş­gär­le­ri ba­zar bäs­le­şi­gi şert­le­rin­de ön­dür­ýän önüm­le­ri­niň is­leg­li we geç­gin­li bol­ma­gy­ny ga­zan­mak ug­runda yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler. Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň 3-nji kwar­ta­ly­nyň gü­nor­ta­syn­da söw­da dü­kan­la­ryn­dan, ila­ta dür­li hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýän no­kat­lar­dan, jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti kär­ha­na­la­ryn­dan yba­rat bo­lan kö­çe peý­da bol­dy. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­riň, ze­rur hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň giň gol­da­wa eýe bol­ýan­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär. Bi­ziň gür­rü­ňi­ni ed­ýän «Şöh­lat öýü­miz» hem şu çäk­de ýer­leş­ýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl

9. Nebitgaz toplumy Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion esasda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek babatda kabul eden maksatnamalarynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyna uly orun berilýär.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň möhüm talaby

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir özgertmeler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň bähbidine, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, gözel Diýarymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilýär. Rowaçlygyň, ösüşleriň aýdyň ýolunda bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ylym we tehnika, tehnologiýa babatdaky ösüşleri bilen deň gadam basýar. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ornaşdyrylýan häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalar muňa doly güwä geçýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda hem nusga alarlyk işler durmuşa geçirilýär. Bu babatdaky zerur çäreler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň» Maksatnamasyna laýyklykda, tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda döwrebap sanly we innowasion tehnologiýalary, halkara tejribesi giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzda elektron resminama dolanyşygynyň ornaşdyrylmagy sazlaşykly işleýän sanly ykdysadyýeti ösdürmäge şert döredýär. Ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdy

Haýyrly işleriň başynda

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, telekeçilik pudagyny ösdürmäge-de aýratyn uly üns berilýär. Güneşli Diýarymyzyň bedew batly gülläp ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýan hususy işewürler welaýatymyzda hem barha köpelýär. Hormatly Prezidentimiziň «Balkan welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakynda» Kararyna laýyklykda, Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň çäginde hem ösen senagat zolagy kemala gelýär. Arkadag Prezidentimiziň hususy işewürlere döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, bu senagat zolagynda öz işini döwrebap ýola goýanlaryň biri-de «Demir ölçeg» hususy kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan kärhananyň köp ugurly elektrik enjamlaryny öndürýän we hyzmat merkezi bir gektardan gowrak meýdany tutup, onda jemi 40 adam zähmet çekýär. Bu ýerde edara binasy, önümçilik sehi, elektrik enjamlaryny abatlaýyş-sazlaýyş sehi, ammar jaýy we işgärler üçin niýetlenen jaý bar.

Energetika pudagy üns merkezinde

Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan möhüm wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Onuň dowamynda milli Liderimiz: «Biz daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman elektrik stansiýalaryny gurduk, bar bolanlarynyň durkuny täzeledik» diýip bellemek bilen, duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolan energetika ulgamyna çekdi. Munuň özi häzirki wagtda ýurdumyzyň milli energetika ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýandygyny doly tassyklady. Bu günki gün Türkmenistan tutuş dünýäde iri energetika döwleti hökmünde tanalýar. Biziň ýurdumyzda degişli ugurda häzirki döwre çenli giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirildi we dünýä jemgyýetçiligine nusgalyk tejribe toplanyldy. Bu bolsa döwletimiziň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmeklige we energetika diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistany elektrik energiýasyny eksport edýän kuwwatly ýurda öwürmäge mümkinçilik berdi.

Gazhimiýa zawodynyň döwrebap önümleri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna 30 ýyl dolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda gazhimiýa senagaty hem güýçli depginler bilen ösýär. Bagtyýar eýýamda Türkmenistanyň ýerasty we ýerüsti tebigy serişdelerine dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Mähriban Arkadagymyzyň tagallalary bilen bu baýlyklar halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilýär.

Halaçda tegelek haly dokalýar

Geçen ýylda 9300 inedördül metre golaý haly dokap, ýyly zähmet üstünlikleri bilen jemlän Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň işine ezber gelin-gyzlary ýyllyk borçnamany 106 göterim amal etdiler. Olaryň ellerinden önen gözellik bolsa şuglasyny diňe bir ýurdumyza däl, Ýer ýüzüne çaýdy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu ýerde işine ussat halyçylaryň onlarçasy zähmet çekýär. Aýnabat Derýaýewa, Akgül Hallyýewa, Gülendam Taňňyýewa, Bahargül Annaýewa ýaly «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen belent ada mynasyp bolan ussatlar halaçly zenanlaryň esasy kärine öwrülen gadymy senedi ýaş şägirtlerine hem geçirýärler. Kärhana täzelikde işe gelen gelin-gyzlar tejribeli halypalarynyň gadamyna gadam goşup, gözellik döredýärler.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna daşary döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri nebithimiýa önümlerini, hususan-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini hem-de awtobenzini, owganystanly telekeçiler bolsa “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 17 million 281 müň dollaryndan gowrak boldy.

Sanly ykdysadyýetiň kämilleşdirilmegi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň her günde ençemesiniň şaýady bolýarys. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we diýarymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär. Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen işjeň daşary ykdysady syýasat ýurdumyza sebit we halkara derejesindäki iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen köpugurly özara işjeňligi diwersifikasiýalaşdyrmaga uly üns berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň, sanly ykdysadyýetiň hukuk binýadynyň kämilleşmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly itergi berýändigini bellemek zerurdyr. Bu Kanun elektron resminamalaryň, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz täze pudaklary döretmek, senagatda we durmuş-medeni ulgamda özboluşly desgalaryň birnäçesini gurmak bilen, öz ykdysadyýetini üstünlikli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, meseleleri we esasy ugurlary, şeýle-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň jemi içerki önümi emele getirmekde goşýan goşandyny artdyrmagyň, milli ykdysadyýetde sanly ulgamy kämilleşdirmegiň çäreleri kesgitlendi. Sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolmak bilen, ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga şert döredýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň hem-de durmuş ulgamynyň maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Häzirki wagtda bu konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça ähli möhüm ugurlar boýunça işler giňden ýaýbaňlandyryldy.

Ösüşleriň ygtybarly binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetimizde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini has-da netijeli guramak işleri giň gerime eýe bolýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga we ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmaga gönükdirilen işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. 2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz döwletiň düzgünleşdiriji ornuny göz öňünde tutup, bazar edaralaryny we usullaryny doly derejede ösdürmegiň üpjün edilmelidigine, döwlet eýeçiligine degişli desgalary hususylaşdyrmak boýunça netijeli çäreleriň işlenilip taýýarlanylmalydygyna aýratyn ünsi çekdi. Ýurdumyzda döwlet emlägini hususylaşdyrmaga ygtyýarly edara hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi kesgitlenildi we bu işiň bäsleşikli ýa-da göni salgyly esasda geçirilmegi kanuny ýagdaýdyr. Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy döwlet eýeçiligindäki emläkleriň döwlete degişli bolmadyk ýuridik we fiziki şahslara tölegli esasda berilmegidir hem-de döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň esasy ýörelgeleriniň durmuş

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň gazananlary

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, halkara nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek işi halkymyzyň asylly ynsanperwer ýörelgeleriniň, hoşniýetli we deňhukukly hyzmatdaşlygyň iş ýüzündäki aýdyň beýanydyr. Şeýle möhüm ugurlarda gazanylýan ösüşler, özgerişler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren miwesidir. Garaşsyzlygymyzyň beren ajaýyp miweleri barada buýsançly we guwançly gürrüň etmäge esas kän. Taryh üçin gysga wagtyň — şanly 30 ýylyň dowamynda ykdysady ösüşi, umumadamzat bähbitli amala aşyrýan işleri bilen Türkmenistan döwletimiz kuwwatly, ösen döwletleriň derejesine çykýar.

Hem içerki bazara, hem eksporta

Telekeçi Ruslan Abdullaýewe degişli ýyladyşhanada öndürilýän pomidor hasylynyň 80 ― 90 göterimi daşary ýurtlara eksport edilýär. Bu ýerde dekabrda ýyglyp başlanylan 100 tonna çemesi pomidoryň 70 tonna golaýy Russiýa Federasiýasyna we Gazagystana ugradyldy. Gabynyň daşynda «Türkmenistanda öndürildi» diýlen ýazgy ýerleşdirilen oba hojalyk önümleri dünýä bazaryndaky ornuny barha giňeldýär. Gazetimiziň geçen sanlarynda hem habar berşimiz ýaly, 2020-nji ýylda welaýatymyzyň hususyýetçileriniň 16-syna degişli ýyladyşhanalarda öndürilen pomidorlaryň ekportundan alnan girdeji Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 3,5 million dollaryna ýakynlaşdy. Alnan girdejide Ruslan Abdullaýewiň ýyladyşhanasynyň hem uly paýy bar.