"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

San­ly bilimiň gözýetimleri

Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan­da yk­dy­sa­dy we dur­muş ösü­şi ba­bat­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­ri­niň tej­ri­be­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, düýp­li yl­my esas­la­ra da­ýan­ýan giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ryň hem-de me­ýil­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek ba­bat­da ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da in­že­ner­le­riň, teh­no­log­la­ryň hem-de yl­my iş­gär­le­riň tä­ze nes­li­ni ke­ma­la ge­tir­mek, ýaş­la­ry ylym we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­gam­la­ry­na çek­mek, jem­gy­ýe­tiň ylym-bi­lim kuw­wa­ty­ny ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bin­ýa­dyn­da döw­re­bap öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri ba­ka­lawr­la­ry hem-de ma­gistr­le­ri taý­ýar­la­ýan bi­lim be­riş ul­ga­my­ny ýo­la goý­du­lar.

Elektron döwlet hyzmatlarynyň döwrebap hukuk binýady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berýär. Amala aşyrylýan işleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak bu ugurdaky toplumlaýyn çäreleriň esasy düzümleriniň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy üpjün etmäge gönükdirilen «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde hem-de Halk Maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylmagy we kabul edilmegi, 24-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilip, 27-nji iýulda metbugatda çap edilip, herekete girizilmegi hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde täze ädime öwrüldi. Bilşimiz ýaly, bu Kanun maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan peýdalanmak arkaly, döwlet edaralarynyň fiziki we ýuridik şahslar üçin elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işiniň üpjün edilmegine gönükdirilen guramaçylyk-hukuk çärelerini amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Şu ýerde «elektron hökümet» adalgasy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly ýerine ýetirilýän döwlet hyzmatyny aňladýar. Häzirki döwürde raýatlara sanly ulgam arkaly döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi giň gerimli häsiýete eýe bolýar. Munuň özi häkimiýe

Aýdyň geljegi nazarlaýan ykdysady özgertmeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. 8-nji iýulda geçen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem ykdysadyýetiň önümçilik düzümlerine innowasion çözgütleri ornaşdyrmaklyga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Bu barada gürrüň açanymyzda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» nurana geljegi, ykdysady ösüşleri nazarlaýan ata Watanymyzyň öňünde belent sepgitleri we täze gözýetimi kesgitleýän çelgidigini bellemelidiris. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip düzülen 30 ýyllyk milli ösüş strategiýasynda ähli aýdyňlygy bilen beýan edilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» işjeň durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly

Suw: döwrebap çözgütler

Türkmenistanda tebigy baýlyklara, şol sanda suw serişdeleriniň aýawly peýdalanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalar esasynda döwrebap suw arassalaýjy desgalar yzygiderli gurulýar, ähli sebitlerde, hususan-da, Aralýaka zolagy bolan Daşoguz we Balkan welaýatlarynda suw üpjünçiligini berjaý etmek üçin, dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Suw ýaşaýşyň we berekediň gözbaşydyr. Tebigy suw özüniň hili we himiki düzümi boýunça dürli görnüşlere bölünýär. Içmäge ýaramly agyz suwunyň duzlulygy onuň 1 litrinde 1 gramdan geçmeli däl. Eger-de suwda kalsiý we magniý ionlarynyň mukdary 1 litrde 7 milligramdan geçse, oňa talhy suw diýilýär. Ýer togalagynyň dörtden üç bölegi suw bilen örtülip, mukdary 1,5 milliard kub kilometre barabardyr. Onuň diňe 3 göterime golaýy süýji suw bolup, galany ummanlaryň, deňizleriň duzly suwudyr. Süýji suwuň esasy ýatagy bolsa entek ulanylmaýan Arktikanyň hem-de Antraktidanyň buzluklarynda jemlenendir. Olaryň gory 24 million kub kilometr töweregidir. Diýmek, adamzadyň geljegi, süýji suwa bolan umydy şol suw hazynalaryny ulanmak bilen baglanyşyklydyr.

Oba hojalygyny ösdürmekde döwrebap kanunlaryň orny

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ösen industrial döwlete öwürmek babatda alnyp barylýan syýasatyň esasy mazmuny bäsdeşlige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny özünde jemleýän, eksporta niýetlenen, ýokary tehnologiýa önümlerini öndürýän, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda işleýän düýpgöter täze önümçilikleri, senagat kärhanalaryny döretmekden ybarat bolup durýar. Bu bolsa, daşary ýurtlaryň ösen tehnologiýalaryny we tehnikalaryny satyn alyp ornaşdyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň milli innowasion ulgamyny has-da ösdürmegi we döwrebap bazar şertlerine laýyk gelýän derejelere çykarmagy talap edýär. Häzirki wagtda ylmy açyşlara, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösmegi boýunça wezipeleri ylmy taýdan esaslandyryp çözmäge, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna ylmyň häzirki zaman gazananlaryny ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, kiçi we orta telekeçilige degişli ýuridik we fiziki şahslary ylmy-barlag, tejribe-oýlap tapyjylyk we tehnologik işläp taýýarlamalara gatnaşmaga çekmek bilen, ylmy we innowasiýa telekeçilik işini ösdürmek boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly işler hem giňden ýola goýulýar.

Sanly ulgama daýanyp

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda döwlet dolandyryşynyň we jemgyýetçilik gurluşynyň ähli ulgamlaryna halkara ülňülerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak bilen sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Döwlet dolandyryşy ulgamynyň kämilligini gazanmak üçin bu ulgamyň kanunçylyk esaslaryny hem häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň esasynda döwrebaplaşdyrmak wajyp bolup durýar. Häzirki wagtda sanly tehnologiýalary ulanyp, elektron dolanyşyk arkaly adamlara edilýän hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi kabul edilýän döwrebap kanunlar arkaly düzgünleşdirilýär. Olaryň hatarynda 2022-nji ýylyň 23-nji iýulynda kabul edilen «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar. Kanun Elektron hökümetiň işiniň tertibini kesgitleýär hem-de bu çygyrdaky ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Kanun 28 maddadan ybarat bolup, öz içine 5 baby alýar. Umumy düzgünler babynda esasy düşünjeler, Elektron hökümet hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy, wezipeler hem-de ýörelgeler kesgitlenendir. Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda Elektron hökümet — maglumat-kommunikasion tehnologiýalardan, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan peýdalanmak arkaly, döwlet edaralarynyň fiziki we ýuridik ş

Tehnologiýalar äleminde

Gymmat bahaly taslama Saud Arabystany bahasy 1 trillion dollara barabar täsin gurluşyk taslamasyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu taslamada uzynlygy 100 kilometrden geçýän, her biriniň beýikligi hem 487 metr bolan 2 sany ugurdaş gidýän binalaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar. «Neom» diýlip atlandyrylýan bu täsin gurluşyk desgasy ýurduň demirgazyk-günbatarynda gurlar. Ugurdaş gidýän binalaryň daş ýüzi durşuna aýna bilen örtülip, onuň iç ýüzünde ulag, aragatnaşyk we hojalyk üçin gerek bolan ähli düzümler hereket eder. Gurluşyk desgasynda guruljak ýokary tizlikli otly gatnawy ýaşaýjylary şäheriň bir çetinden başga bir çetine 20 minutda elter. Şeýle hem, bu binada ýaşaýjylaryň gündelik sarp edýän azyk önümleri hem wertikal usulda ösdüriler. Bu täsin gurluşyk desgasynda 5 million ilatyň ýaşamagy göz öňünde tutulýar. Taslamany taýýarlan hünärmenleriň bellemeklerine görä, gurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmek 50 ýyla golaý döwri alar.

“Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň täze Kanuny kabul edildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyza ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary giňden ornaşdyrylyp, sanly ulgama geçmegiň ileri tutulýan ugurlarynda ýokary ykdysady netijeler gazanylýar. Şu günki günde, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalary döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan binalarda sanly ulgamyň gerimini giňeltmek we hilni ýokarlandyrmak boýunça işleri tapgyrlaýyn durmuşa geçirýär.

Täze gaýyk işe başlady

«Open Ocean Engineering» şereketi 2020-nji ýylda ummanlardaky galyndylary we plastik zyňyndylary toplamak üçin awtomatik ýagdaýda işleýän gaýyk ýasandygyny habar beripdi. Geçen ýyl bolsa, şereket «Razer» şereketi bilen bilelikde has döwrebap gaýyk öndürendiklerini mälim etdi. «Clearbot» diýlip atlandyrylan bu gaýyk ýakynda işe başlady. 200 kilograma çenli plastik zibil ýygnap bilýän bu gaýyk bir günüň dowamynda 1 tonna çenli zibil ýygnap bilmek mümkinçiligine eýe. «LIDAR» sensorlary bilen üpjün edilen gaýyk 1 gezeklik zarýad bilen 4 sagada çenli işläp bilýär.

Türkmenistanyň «Elektron hökümet hakynda» Kanuny güýje girdi

Türkmenistanda 29-njy iýulda «Elektron hökümet hakynda» Kanun güýje girdi. Kanun «Türkmenistan» gazetinde türkmen, «Нейтральный Туркменистан» gazetinde rus dillerinde çap edildi. Täze Kanun 5 bapdan we 28 maddadan ybaratdyr. Kanun elektron hökümetiň işiniň tertibini kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Dynç alyş döwründe

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda ummasyz işleri durmuşa geçirýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda ilatyň saglygyny berkitmek we göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek maksady bilen, raýatlarymyzyň tomusky dynç alyş möwsümini has-da gowy geçirmegi, oňat dynç almagy üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň wagtlaýyn tertibi tassyklanyldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelýän raýatlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, ähli pudaklara degişli bolan edara-kärhanalardyr guramalar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan hem degişli işler alnyp barylýar. Gullugyň resmi internet-saýtynyň onlaýn hyzmatlar bölüminde raýatlaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gidip-gelmekleri üçin elektron rugsatnama resmileşdirmek mümkinçiligi döredildi. Munuň özi ildeşlerimiziň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, wagtlaryny tygşytlamaga ýardam eder. Şeýle hem şol ýerde elektron rugsatnamany resmileşdirmegiň düzgünleri bilen tanyşdyrýan ýörite wideoşekiller ýerleşdirildi. Ulgam raýatlar üçin düşnükli bolar ýaly, sada görnüşde taýýarlanyldy.

Sanly ykdysadyýetiň hukuk üpjünçiligi

Sanly ykdysadyýet — sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny peýdalanmaga esaslanýan, durmuş-ykdysady we guramaçylyk-tehniki gatnaşyklaryň ulgamy. Onuň ösdürilmegi halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, sanly giňişlikde subýektleriň özara ylalaşykly hereketini üpjün edýän düzümiň döremegine getirýär. Döwletimiziň kanunçylygynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny dürli jähetlerde kadalaşdyrýan hukuk namalary hereket edýär. Esasy Kanunymyzda ýurdumyzyň ykdysady ulgamy bilen bagly amala aşyrylýan möhüm ähmiýetli özgertmeleriň hukuk esaslary berkidilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar» diýlip kesgitlenilýär. Bu konstitusion kadalar «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda giňişleýin beýanyny tapýar. Bu kadalar pudaklaýyn kanunçylykda ulgamlaýyn düzgünleşdirilip, has-da berkidilýär.

GPON tehnologiýasy – sanly ulgamlary ösdürmek üçin AŞTU tarapyndan ileri tutulýan ugur

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdydayýetini mundan beýläk hem pajarlap ösmegi üçin sanly ulgamlary giňden ornaşdymak we bu ugurdan dünýä tejribesini biziň ýurdumyzda özleşdirmek barada berýän anyk tabşyryklaryndan ugur alyp, AŞTU paýtagtymyzyň telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmekde optiki-süýümli, şol sanda GPON görnüşindäki maglumat geçiriş torlaryny gurmagyň gerimini ýaýbaňlandyrýar. Paýtagtymyzyň Taslama köçesiniň ugrundaky 56 sany köp gatly ýaşaýyş jaýlardaky 2 100 sany öýlere we olaryň aşaky gatlaryndaky işewür ofislere, dükanlara GPON tehnologiýasy arkaly telekommunikasiýa hyzmatlaryny amala aşyrmak üçin optiki-süýümli kabelleri çekmek işleri doly tamamlandy. 

«Akyl­ly şä­her» we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar

XXI asyryň häsiýetli aýratynlygy bolan sanly tehnologiýalar adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryna ymykly ornaşdy. Häzirki zaman adamzat siwilizasiýasyny şol «akylly» tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek kyn. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy möhüm ugur hökmünde kesgitledi. Munuň bilen bagly geljegi nazarlaýan birnäçe maksatnamalar, konsepsiýalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýete geçmekde milli intellektual tehnologiýalar (IT) ulgamyny ösdürmek, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny höweslendirmek hem-de bu ugurlarda halkara derejesinde hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Jemgyýetiň düzümleri bolan döwletiň, hususy bölegiň, raýatlaryň we IT bileleşikleriniň ählisiniň sanly ykdysadyýete çekilmegini üpjün etmek esasy talaplara öwrülýär. Şunuň bilen bir hatarda, jemgyýetiň sanly gurşawa bolan ynamynyň artmagyny gazanmakda maglumat we innowasion tehnologiýalaryň maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegi wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenýär.

Tehnologiýalar äleminde

Ýokary tizlikli ýolagçy uçarlary Golaýda ABŞ-nyň «Boom Supersonic» kompaniýasy özüniň 2029-njy ýylda gatnaw hyzmatlaryna ornaşdyrmagy meýilleşdirýän «Overture» ýokary tizlikli ýolagçy uçarynyň täze taslamasy bilen tanyşdyrdy. Berilýän maglumatlara görä, bu nyşan bilen öndüriljek uçaryň tizlik babatda häzirki wagtda ulanyşda bolan öňdebaryjy «Concorde»-niň ýerini eýelemegine garaşylýar. «Overture» adaty ýolagçy uçarlaryndan iki esse ýokary, ýagny sagatda 2100 kilometr (Mach 1.7) tizlik bilen uçar. Uzynlygy 61 metr, beýikligi 11 metr we ganat giňişligi 32 metr görnüşinde taýýarlanylýan bu nusgada ilkinji gezek awtomatik ýagdaýda uçuş seslerini azaltmaga niýetlenen ulgam ornaşdyrylar we ol howa ýollary hyzmatlarynyň islegine görä 65 we 80  ýolagça niýetlenen görnüşde öndüriler. Kompaniýa ýolagçy uçarynyň 2024-nji ýyla çenli önümçiligine, 2026-njy ýyla çenli bolsa uçuş synaglaryna başlamagy meýilleşdirýär. Ulanylyşa girizilmegine heniz köp wagtyň bardygyna garamazdan, «Boom Supersonic» täze nusganyň gatnaw hyzmatlary babatda «United Airlines» we «Japan Airlines» bilen şertnama baglaşdy.

Ýurdumyzda multimedia žurnalistikasynyň kämilleşmegine aýratyn ähmiýet berilýär

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeň kämilleşdirilýän döwründe ýurdumyzda multimedia žurnalistikasyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gün metbugat habar beriş serişdeleri özgeriş tapgyryny başdan geçirip, onuň ahyrky maksady häzirki sanly media gurşawa uýgunlaşmak boldy. Amerikaly mediaçy Uorren Baffet baryp 2009-njy ýylda täzelik häsiýetli döwürleýin metbugat neşirleri üçin üýtgeşik geljegiň ýokdugyny aýdýar. Ine, bu gün bolsa, žurnalistikada habarlary täze görnüşde bermegiň dessinliginiň ilkinji hatara çykýan döwründe biz şol sözleriň hakykatlygyna göz ýetirýäris. urnalistikany multimedialaşdyrmagyň gözbaşyny taryhyň jümmüşinde görmek bolýar, şonda adamyň habar bermek babatda dürli ugurlary we tärleri yzygiderli utgaşdyrmak hyýaly ösüp başlaýar. Munuň şeýledigine Gadymy Rimdäki protožurnalistikanyň häsiýeti aýdyň şaýatlyk edýär. Şonda ilkinji habarlar (afişalar, bildirişler) daşyň, misiň we mermeriň ýüzünde oýulyp ýazylypdyr ýa-da şonuň üçin niýetlenen jaýlaryň ýörite agardylan diwarlarynda, agaç tagtalarda ýazylypdyr. Şonuň ýaly habar beriş serişdeleri ýazgydan başga-da, suratlary we barelýefleri hem öz içine alypdyr, bu bolsa, habar bermegiň dürli platformalarynyň ulanylandygyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, kommunikasiýalaryň azyndan ikisiniň — ýazuw we wizual görnüşleriniň ulanylandygyna şaýatlyk edýär.

Sanly žurnalistika boýunça okuwlar

19 — 22-nji iýul aralygynda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda ýaş žurnalistler üçin sanly žurnalistika boýunça tomusky okuw sapaklary geçirildi. Her ýyl geçirilmegi däp bolan okuw sapaklara ýurdumyzda çap edilýän döwürleýin neşirleriň, internet saýtlarynyň hem-de habarlar agentlikleriniň wekilleri, žurnalistika hünäri boýunça bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdy. Okuw sapaklaryny sanly ulgam arkaly russiýaly we polşaly hünärmenler geçdiler. Sapaklaryň dowamynda olara gatnaşyjylara häzirki zaman žurnalistikasyndaky özgerişler, ösüş ugurlary, okyjylary gyzyklandyrmagyň usullary, döwrebap media serişdeleri, habarlar we makalalar üçin suratlarydyr wideolary saýlap almagyň ýollary, düşündiriji žurnalistika, ykjam žurnalistika we beýlekiler barada giňişleýin düşündirildi. Temalaryň sowal-jogaplar bilen berkidilmegi olaryň täsirliligini artdyrdy.

Smartfon satuwynda birinji

«Canalys » kompaniýasynyň taýýarlan maglumatyna görä, «Samsung » kompaniýasy dünýäde smartfon satuwynda öňdeligini dowam etdirýär. Şu ýylyň ikinji çärýeginde bütin dünýäde satylan «akylly » telefonlaryň 21 göterimini «Samsung » emele getiripdir. Kompaniýanyň şeýle üstünligi gazanmagynda has arzan bahaly bolan «Galaxy A» seriýasynyň täsiriniň uludygy bellenilýär. Maglumata görä, «Apple » kompaniýasynyň telefonlary bazaryň 17 göterimini emele getirip, ikinji bolupdyr. Amerikan brendiniň satuwynyň artmagyna «iPhone 13» smartfonyna bolan islegiň ýokary bolmagynyň täsiri uly bolupdyr. Hytaýyň «Xiaomi », «Oppo » we «Vivo» kompaniýalary degişlilikde, üçünji, dördünji we bäşinji ýerleri eýeläpdir. Bu kompaniýalaryň bazardaky paýy degişlilikde 14 göterim, 10 göterim we 9 göterim bolupdyr. Şu ýylyň ikinji çärýeginde umumy telefon satuwy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 9 göterim pese gaçypdyr.

San­ly ul­gam – döw­rüň ta­la­by

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 In­ter­ne­tiň ha­bar­lar ul­ga­my­na Türk­me­nis­ta­nyň gat­naş­ma­gy­ny gi­ňelt­mek, elekt­ron ne­şir­le­riň ma­ha­ba­tyn­dan gir­de­ji al­mak, saýt­la­ry hem-de beý­le­ki web-se­riş­de­le­ri dö­ret­mek ba­ra­da­ky we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly ta­ra­pyn­dan de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­di. «Türk­me­nis­tan­da 2020–2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» dur­mu­şa ge­çir­me­giň çä­gin­de «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly­nyň «7/24.tm» at­ly hep­de­lik elekt­ron go­şun­dy­sy her hep­dä­niň du­şen­be gü­ni oky­jy­la­ra ýe­ti­ril­ýär. On­da­ky ma­te­ri­al­lar türk­men, iň­lis we rus dil­le­rin­de taý­ýar­la­ny­lyp, her bir ma­ka­la, ha­bar žur­na­lis­ti­ka­nyň döw­re­bap ta­lap­la­ryn­dan ugur al­ýar.

Tehnologiýalar äleminde

«Hyundai» täze awtoulaglary hödürlär Soňky ýyllarda elektrik awtoulaglarynyň ýaýrawy giň gerim alýar. Günorta Koreýanyň «Hyundai» awtoulag kompaniýasy hem bu ugurdaky önümçiligini güýçlendirmegi maksat edinýär. Degişli hünärmenleriň habar bermegine görä, kompaniýa 2023-nji ýylda häzirki wagtda önümçilikde ýer alýan CUV «Ioniq  5» elektrik awtoulagynyň ýokary tizlikli görnüşi bolan «Ioniq 5N»-i satuwa goýbermegi meýilleşdirýär. Bu «N» nyşanynyň ilkinji ýokary tizlikli awtoulagy bolar. Kompaniýanyň heniz önümçilikde ýer almagy hakynda doly netijä gelinmedik täze «RN22e» we «N Vision 74» modelleriniň hem taslamalarynyň taýýarlanylýandygy habar berildi. Ýeri gelende bellesek, «Mercedes-Benz», «BMW» ýaly öňdebaryjy awtoulag kompaniýalary bilen bäsdeşligi güýçlendirmäge niýetlenen «N» nyşany öz adyny «Hyundai» kompaniýasynyň önümçilik merkeziniň awtoulaglary synagdan geçirýän ýeri bolan, Germaniýada ýerleşýän «Nürburgring» ýaryş meýdançasynyň ilkinji harpyndan alýar.