Sanly tehnologiýalar döwlet gullugynda
Mälim bolşy ýaly, XXI asyrda sanlylaşdyrma hadysasy dünýä ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda sanly bilim ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, şol sanda adamlaryň gündelik durmuşyna, hünär işine barha işjeň ornaşýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek bilen, öz çykyşlarynda döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda sanly ulgamyň, maglumat tehnologiýalarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini yzygiderli nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet dolandyryş we döwlet hyzmat ediş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy döwlet häkimiýetiniň edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmaga, olaryň raýatlar üçin elýeterli bolmagyna mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Döwleti we jemgyýeti dolandyryş ulgamlarynyň işiniň netijeliligini, aýanlygyny we jogapkärçiligini ýokarlandyrmakda täze özgertmeleri amala aşyrarys» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän döwlet ýolbaşçylaryny, gullukçylaryny, şeýle hem magistrleri taýýarlamak maksady bilen, degişli işler yzygi