"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Täsinlikler dünýäsinde

Täze gämi Monako döwletinde geçirilen sergide adaty bolmadyk gäminiň taslamasy tanyşdyryldy. Bu görnüşli gämi suwuň ýüzünde hem astynda hereket edip biler. Gollandiýanyň «U-Boat Worx» kompaniýasy tarapyndan önümçilige hödürlenýän gäminiň agramy 1250 tonna, uzynlygy hem 37,5 metre deň bolar. Dynç alyş maksatly guruljak gämide bir wagtda 10 ýolagçyny we 7 sany ekipažy özünde ýerleşdirmäge mümkinçilik bar. Gämi islendik wagt suwuň ýüzünde ýüzüp ýören ýagdaýyndan onuň 200 metr çuňlugyna çenli aralaşyp, ol ýerde 4 gije-gündizläp saklanyp bilýär. Kompaniýa «Nautilus» diýlip atlandyrylýan gämini sargyt edilen ýagdaýynda 25  million ýewro baha bilen 30 aýyň dowamynda gurup bermegi maksat edinýär.

Sanly ulgam — ylmy önümçilige giň ýol

Häzirki döwürde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň ylmy taýdan düýpli esaslandyrylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Ylmy önümçilik bilen berk baglanyşdyrmak, oňa ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak esasy wezipeleriň biridir. Döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynyň kemala getirilmeginiň binýady bolan ýokary hilli bilim ýurdumyzyň ykdysadyýetini üstünlikli ösdürmegiň möhüm düzüm bölegidir. Elbetde, ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman düýpli ylym ulgamyny döretmäge gönükdirilen ylmy-tehniki syýasat ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna täze, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmakdan, ylym we tehnika babatda öňde duran maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak şu günüň baş wezipeleriniň biri bolup durýar. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek zerur. Bazaryň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýän howpsuz, ygtybarly we bäsdeşlige ukyply maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamyny döretmek ýurduň sanly ykdysadyýete üstünlikli geçmeginiň girewi bolup durýar. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary özleşdirmekde uly işler durmuşa geçirilýär.

«OguzRobot» topary Ženewadaky tehnologiýalar sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň «OguzRobot» topary «2022 First Global Challenge» atly tehnologiýalar sergisine gatnaşar. Bu sergi şu ýylyň 13 — 16-njy oktýabr aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriler. Halkara sergä dünýäniň 180 ýurdundan meýletinçileriň, mugallymlaryň we beýleki robot tehnikasy bilen gyzyklanýanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

iň gowy awtoulaglar belli edildi

«Consumer Reports» neşiriniň analitikleri her ýyl amerikan bazaryndaky 250-den gowrak ulag modeline baha berýärler. Awtomobiller esasy dört ölçeg boýunça bahalandyrylýar: ygtybarlylyk, howpsuzlyk, şeýle-de ulag eýeleriniň kanagatlanyş derejesi we ulagyň ekologiýa talaplaryna laýyk gelşi. Bu barada «njcar.ru» habar berýär. Şeýlelikde, ykjam awtomobil kategoriýasynda «Toyota Corolla» sedany ýeňiji boldy, «Mazda CX-30» ýangyjy az harçlaýan iň gowy krossower hökmünde bellenildi. «Toyota Prius» gibrid segmentinde ýeňiş gazandy. Iň gowy orta göwrümli sedan kategoriýasynda birinji orny «Toyota Camry» eýeledi.

Alymlar kosmosda şaly ýetişdirmekçi

«Wentýan» laboratoriýa moduly bilen kosmosa äkidilen şalynyň tohumy bir aýdan soňra gögerdi. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Ylymlar akademiýasy habar berýär. Ylymlar akademiýasynyň kosmosda ösümlik ýetişdirmek maksatnamasynyň ýolbaşçysy Çžen Hueýsýun häzirki wagtda şalynyň tohumyny şineletme işiniň üstünlikli amala aşyrylandygyny, bu ugurda, hususan-da, gysga däneli şalynyň 4 — 5 santimetr boý alandygyny belledi. Hytaýly kosmonawtlar bu nusgalary ýygnap alyp, olary doňdurarlar, soňra Ýere dolanyp gelenlerinde ýany bilen getirerler.

Elýeterli el telefony

Hytaý Halk Respublikasynda «Qualcomm Snapdragon 870» bir çipli ulgamyna esaslanýan orta aralyk ykjam el telefony «iQOO Neo 6 SE» bilen tanyşdyryldy. Bu barada «ITHome» habar berýär. Täze ykjam el telefony «Full HD +» çözgüdi, 120 Hz täzelenme tizligi we 6,62 dýuýmlyk «AMOLED Samsung E4» ekrany bilen enjamlaşdyrylan. Enjamyň esasy «SoC Qualcomm Snapdragon 870».

Ykjam telefonlaryň peýdaly aýratynlyklary

eSIM ulgamy. Häzirki wagtda sim-kartasyz telefonlaryň ulanylyşynyň gerimi barha giňeýär. Ulgamy birikdirmek üçin telefon ulgamy nokatlaryna barmak gerek däl, muny islendik ýerden internetiň kömegi bilen birikdirip bolýar. Bu ulgam ulanyjylar hem-de telefon operatorlary, hatda telefon öndüriji kompaniýalar üçin hem peýdalydyr. Sebäbi, birinjiden, telefon sim-kartasy üçin ýörite slot döretmek, ikinjiden, telefon operatorlaryna plastik kartlary öndürmek we goşmaça hyzmat ediş nokatlaryny açmak gerek däl. QR-kod. Bu ulgamyň mümkinçilikleri örän giňdir. Onuň kömegi bilen onlaýn giňişlikde dürli sargytlary edip bolýar. Mysal üçin, bu ulgam arkaly onlaýn ýagdaýda petekleri alyp, konsertlere, myhmanhanalara, restoranlara ýer bronlap bolýar. Ädim ölçeýji. Kämil telefonlarda we akylly sagatlarda ädim sanyny, geçilen ýoly, bedeniň ýagdaýyny ölçeýän ýörite platformalar bar. «Play Market» we «AppStore» ulgamlarynda şeýle programmalaryň dürli görnüşleri bar. Kompas. Telefonda sanly kompasyň işi gurnalan magnitometre esaslanýar. Häzirki zaman enjamlarynyň hemmesi diýen ýaly şeýle datçik bilen enjamlaşdyrylandyr. Bilşimiz ýaly, kompas hem durmuşda wajyp bolan dürli ýagdaýlarda kömekçi bolup bilýär. GPS. GPS datçigiň esasy maksady obýektiň koordinatlaryny we kartadaky häzirki ýerleşişini kesgitlemekdir. «Family Locator», «GPS Tracking» we «GPS Tracker» programmalarynyň kömegi bilen öz çagalaryň

Türkmenistanda ýol yşyklary hem-de LED ýol belgileri öndürilip başlanar

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow 30-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň öndürilmeginiň wajypdygyny belledi. Bu barada TDH-niň resmi saýtynda habar berilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň mejlisiň dowamynda beren hasabatynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýändigini hem-de innowasion tehnologiýalar we öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman senagat kärhanalarynyň gurulýandygyny, hereket edýänleriniň bolsa durkunyň täzelenýändigini bellenildi. 

"Türkmen Radio"-da türkmen dilindäki aýdymlar elýeterli edildi

iOS we Android ulgamlary üçin niýetlenen "Türkmen Radio" mobil goşundysyna diňe türkmen dilindäki aýdymlary diňlemek mümkinçiligi hem goşuldy. Indi bu bölüm arkaly meşhur ýerine ýetirijileriň birnäçesiniň aýdymlaryny diňläp bilersiňiz. Bu mobil goşundynyň Türkmenistanyň radioýaýlymlarynyň ählisini diňlemäge mümkinçilik berýändigini ýatladýarys. Munuň üçin mobil telefonyň Internete birikdirilen bolmagy zerurdyr.

Tehnologiýa dünýäsinde

Hytaýyň günorta-günbatarynda, Gimalaý daglarynyň eteginde gyzyl panda diýlip atlandyrylýan pandanyň kiçiräk görnüşi ýaşaýar. Iňlis dilinde ol pandanyň atlandyrylyşy «Firefox». Hut şu at hem dünýäde meşhur internet brauzerini döredijileri ruhlandyrypdyr we olar öz döreden brauzerine şol pandanyň adyny dakypdyrlar. * * *

Döwrebap bilim — wajyp wezipe

Ylym we tehnikanyň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzyň bilim ulgamy ösdürilýär. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. «Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alnyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýäris» diýip, hormatly Prezidentimiz 23-nji sentýabrda geçirilen Döwlet Maslahatynda nygtady.

Internetiň ähmiýeti

Mälim bolşy ýaly, internet ulgamy köptaraply ähmiýete eýe bolmak bilen, dünýäniň kompýuterlerini özüne birleşdirýän ulgamdyr. Internetden islän maglumatlaryňy tapyp bolýar. Her bir talyp öz kompýuterinde ýerleşdiren maglumatlarynyň ýazgylaryny saklap, gerek ýerinde ulanyp bilýär. Şeýle-de kompýuteriň üsti bilen elektron neşiri edinip bilýär, ýagny ol islän habarlarydyr maglumatlaryny öz kompýuterine sargyt edip bilýär. Kompýuterleriň bilim-ylym ulgamyndaky orny, bitirýän hyzmaty uludyr. Täze tehnologiýalaryň güýçli ösýän häzirki döwri şekil we ses ýazgylaryny döretmäge-de giň mümkinçilikler açyldy. Olardan ýerlikli peýdalanmak bilen okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap, gyzykly, netijeli edip geçirip bolýar.

«Akylly» şäher: ýaşaýyş üçin oňaýly şertler

Aşgabat — Türkmenbaşy ýoluna rowana bolup, Halkara atçylyk toplumyna golaýlan dessiňe, alnyňda täze bir şäher peýda bolýar. Ol — Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi. Täze merkeziň ak mermere örtülen belent binalary, hatar-hatar agaçlaryň ýaşyl gurşawy düýpgöter tapawutly. Merkeziň şäher ruhy, döredijilikli zähmet göwünleri galkyndyryp, kalbyňda egsilmejek guwanç duýgusyny döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň aprelinde Köpetdagyň gözel künjeginde peýda bolan bu gurluşyk meýdançasynyň çägine gadam goýanyňda, täze şähergurluşyk taslamasynyň doly göwrümine düşünýärsiň, geriminiň juda giňdigine göz ýetirýärsiň.

iOS 16 indi Türkmenistanda hem elýeter boldy

12-nji sentýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da «Apple»-iň iOS ykjam operasiýa ulgamynyň 16-njy tapgyry türkmenistanly ulanyjylar üçin elýeterli edildi. Täzelenmäni talaba laýyk gelýän enjamlaryň ählisinde göçürip alyp bolýar. Has takygy, ol iPhone 8 we ondan soňky modelleriň ählisi üçin niýetlenendir. Täzelenmäniň telefonyňyza gelendigini «Sazlamalar» ➟ «Umumy» ➟ «Programma üpjünçiligini täzelemek» yzygiderliligi boýunça barlap bilersiňiz. Täzelenme bar bolsa, göçürip alyň. Ýok bolsa-da, soňrak geler.

Sanly ulgam ― çäksiz mümkinçilik

Bank we maliýe ulgamy «Sanly ykdysadyýet» düşünjesinde ykdysadyýetiň bu täze görnüşiniň iň işjeň ulanylyp boljak ugurlarynyň biri hökmünde ýadyňa düşýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hut şeýle hem edilýär. Bu günki gün ýurdumyzyň bank we maliýe edaralarynda ilata edilýän hyzmatlary döwrebaplaşdyrmak, başgaça aýtsak, sanlylaşdyrmak babatynda köpsanly işler durmuşa geçirildi. Bu netijeli işler ýurdumyzyň banklarynyň Lebap welaýatyndaky müşderileri bilen bilelikde alyp barýan işinde hem aýdyň görünýär. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi saýtynda berilýän maglumatlara görä, şu ýylyň 1-nji sentýabryna çenli bank kartlaryny edinen Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň sany 819 müň 427 adama (ýurdumyz boýunça 5 million 14 müň 332 adam) ýetdi. Şolaryň deň ýaryndan gowragy ― 407 müň 299-sy «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň müşderileridir. Şeýle hem welaýatymyzda 146 müň 95 adam «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň, 108 müň 896 adam «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň kartlaryny ulanýar. Ýokarda görkezilen sanyň galan bölegi ýurdumyzyň beýleki banklarynyň müşderilerine degişlidir.

Elektron infrastrukturanyň üstünlikleri milli ykdysadyýetimiziň özgeriş açarydyr

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda öňdebaryjy tehnologiýalar we innowasiýalar arkaly  milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlaşdyrmagyň ösüşi gazanylýar.  Amatly we çalt internet birikmesi bilen islendik ýerden elýeterli peýdalanmak ýurdumyzyň durnukly ösýän içeri we daşary syýasaty, ykdysady kuwwatlylygy, söwda-senagaty, iş üpjünçiligi, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, oba hojalyk, medeniýet, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Söwda toplumynda kiberhowpsuzlyk boýunça maslahat geçirildi

7-nji sentýabrda Söwda toplumynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň kiberhowpsuzlyk toparynyň guramagynda maslahat geçirildi. Maslahata Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň orunbasarlary we kiberhowpsuzlyk boýunça jogapkär işgärleri hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.

«Agzybirlik tilsimaty» kibersport bilen meşgullanýanlar üçin döwrebap gurluşlaryny hödürleýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkezi hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň «Hengshen Linhua Investment Management Co. Ltd.», «Tongfang Hongkong Limited» öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde döredilen «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy 2018-nji ýylyň güýzünden bäri ýurdumyzda üstünlikli iş alyp barýar. Kärhanada häzirki wagtda öz işine ussat hünärmenleriň 82-si zähmet çekýär. Ähli önümleri dünýä standartlaryna laýyk gelýän «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň öndürýän kompýuterleri Hytaý Halk Respublikasynyň iň öňdebaryjy «Tsinghua University» tehnologiýa merkezi tarapyndan sertifikatlaşdyrylandyr. Elektron gurluşlar boýunça dünýä belli «Intel» kompaniýasy bilen, programma üpjünçiliginde-de dünýäniň ýene bir öňdebaryjy kompaniýasy «Microsoft» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýän kärhananyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän hem-de elýeterli bahaly önümlerine diňe ýurdumyzyň çäginde isleg ýokary bolman, olara Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan we Owganystan ýaly, sebitiň beýleki döwletleri tarapyndan hem gyzyklanma bildirilýär. Bu bolsa Türkmenistanda kompýuter önümçiliginiň barha rowaçlanýanlygyna bolan buýsanjyňy artdyrýar.

Muzeýde innowasion ösüşler

Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ýurdumyzy bu babatda ösdürmegiň maksatnamalaýyn esaslary goýuldy. Konsepsiýada ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we ony ösdürmek bilen bagly wezipeler tapgyrlara bölünip kesgitlenendir. Ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän döwründe adamzadyň gündelik durmuşy innowasiýalaryň, sanly tehnologiýalaryň esasynda gün-günden kämilleşýär. Bu günki gün jemgyýetiň durmuşyny döwrebap, innowasion IT tehnologiýasyz we telekommunikasiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Innowasion tehnologiýanyň ösýän döwründe medeniýet we sungat ulgamy sanly tehnologiýany öz işine ornaşdyrýar. Sanly ulgama geçmek boýunça başlangyjyň çäklerinde türkmen medeniýeti we sungaty häzirki zaman tehnologiýalaryň, kompýuterleşdirilen abzallaryň kömeginden işjeň peýdalanýar.

Täsinlikler äleminde

Tehnologiýanyň täze ädimi Häzirki wagtda ykjam telefonlaryň we noutbuklaryň energiýa güýjüniň ömrüni uzaltmak, bu babatda enjamlaryň ulanylyşyny ýeňilleşdirmek tehnologiýa äleminiň üns merkezindäki meseleleriň biri. Ýakynda Günorta Koreýanyň Sejong uniwersitetiniň alymlary energiýa beriji enjamy ulanmazdan, akylly telefona 30 metr aralykdan energiýa güýjüni goýbermegi başardylar. Olar munuň üçin infragyzyl şöhlelerinden peýdalandylar. Tolkun ýaýrawy 1550 nanometr bolan bu şöhleler erbiý garylan goýberiji tarapyndan ýaýradylýar. Şöhleler belli bir aralykdaky kabul ediji enjam tarapyndan ýygnalyp, energiýa güýji hökmünde ulanmaga mümkinçilik döredilýär. Ilkinji synagda akylly telefona 400 megaWolt energiýa güýji goýberildi. Bu synaglar häzirlikçe diňe laboratoriýalarda mümkin bolsa-da, alymlar ýakyn geljekde onuň köpçülikleýin ulanmaga amatly boljakdygyny belleýärler.