Innowasion tehnologiýalar hem-de döwrebap geljek
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň sany barha artýar. Bilim ulgamy üçin derwaýys hem-de ýaramly bolan innowasion tehnologiýalar işi ýeňilleşdirýär we oňat netijeleri gazanmaga ýardam edýär. Tehnologiýalaryň ýokary çaltlykda ösýän zamanasynda innowasiýany ulanmagyň pedagogik esaslaryny öwrenmek we durmuşa ornaşdyrmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe wajyp meseledir. Tutuş adamzat durmuşy, ýaşaýşy tehnologiýalar, kompýuterler bilen üznüksiz bagly. Şonuň üçin gu-ralýan sapaklarda multimedia enjamlary giňden ulanylýar. Bilim ulgamynda inno-wasion ösüş ylmy-tehniki syýasatymyzyň esasy daýanjydyr. Okuw işinde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak mugallymlar üçin möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Sebäbi häzirki zaman ýaşlarynyň aňy döwre görä çalt ösýär. Şonuň üçin-de mugallymlaryň guraýan sapaklarynyň dünýä tejribesine esas-lanýan milli ruha ýugrulyp, ýaşlaryň örän çalt ösýän aňyna oňyn tasirini ýetirmegi-ni gazanmak bilim işindäki gaýragoýulmasyz zerurlykdyr. Ýaşlara döwrebap bilim bermek islendik mugallymyň mukaddes borjudyr. Mekdebimiziň mugallymlary sapaklarda talyba berilýän nazary bilimleri has-da çuňlaşdyryp öwretmek üçin görkezme esbaplary, maketleri, şeýle hem sapaklara degişli wideo şekilleri ulanýarlar. Wideoşekilleriň we animasiýa