Ýaş ekologlaryň halkara bäsleşigi

9 Dekabr 2022
103

Ýurdumyzda bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanyp, ýaşlaryň hünär taýdan kämilligini gazanmak, olara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler hem dünýä nusgalykdyr.

Ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasatyny ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, ýiti zehinli, maksadaokgunly ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ekologik bilimlerini we endiklerini kämilleşdirmek, ylmy-döredijilik işine, halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, şeýle-de özara dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Açyk internet halkara ekologiýa olimpiadasyny geçirmek boýunça düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Hasan MAGADOW.