Daşary ýurt dillerini öwrenmek - ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň möhüm ugry hökmünde

8 Dekabr 2022
110

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän  derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek esasy ugurlaryň biridir. Dil biziň medeni derejämiziň görkezijisidir. Dil bilmek ýaş nesliň köp taraply ösmegine, dünýä-garaýşynyň giňelmegine, pikirlenmek ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny has-da giňelýär. Şol bir wagtda, ylmyň, tehnikanyň, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň  biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bir bitewilige öwrülendigine şaýatlyk edýär. Bu beýik ösüşleriň gazanylýan asyrynda daşary ýurt dillerini innowasion usulda okatmak döwrüň talabydyr.

Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty netijesinde dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diňe bir öz ene dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy we ähmiýetliligi bilen çözülýär. Üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürülip, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde daşary ýurt dilleri öwrenilýär. Esasan iňlis we rus dilleriniň ýokary derejede geçilmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilimli bolmaklaryna gönükdirlendir.