Tehnologiýalar äleminde

7 Dekabr 2022
128

Täsin enjam

Biziň döwrümizde smartfonlar durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şol sebäpden olaryň energiýa güýjüniň gutarmagy biraz kynçylyklary döredýär. Emma Ýaponiýanyň «Panasonic» korporasiýasynyň ýaş dizaýnerler topary bu meseläniň adaty bolmadyk çözgüdini hödürlediler. Olaryň «Kangaroo Charger» atly täze oýlap tapyşlary, ýagny elektrojübüleri smartfonlara hem-de beýleki kiçi elektronikalara Gün şöhlesi arkaly güýç berýär. Bu enjam Gün şöhlesinden energiýa öndürip bilýän innowasion fotoelektrik serişdelerden ýasalandyr. Enjamy geýen eşigiňize birikdirmek bilen smartfonlaryň güýji hakda alada etmegi ýatdan çykarmak mümkin. «Kangaroo Charger» aňsatlyk bilen egin-eşikleriňize däl, eýsem, diwara ýa-da haýsy-da bolsa Gün şöhlesiniň düşýän ýerine birikdirmek hem bolýar. Smartfonlara güýç bermek üçin olary diňe elektrojübiniň içine salmak ýeterlik.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Akmuhammet ANNABERDIÝEW,
«Aşgabat».