Üstünlikleriň binýady

7 Dekabr 2022
83

Ajaýyp döwrümizde Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz ylymdyr bilimiň jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydygyny aýratyn nygtaýar.

Ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň ýaş nesli terbiýelemegiň ähli basgançagyny dolulygyna gurşap alýandygy bellärliklidir. Çagalar baglaryna gatnaýan körpelerden başlap, ýokary okuw mekdeplerinde bilimlerini artdyrýan bagtyýar ýaşlar özleri barada döwlet derejesinde edilýän aladalary ähli aýdyňlygy bilen duýýarlar. Şeýle aladalara mynasyp jogap bermek bolsa, bagtyýar nesillerimiziň perzentlik borjudyr. Şol borja oňat düşünip, oňa abraý bilen hötde gelmegi ömrüniň mazmuny hasaplaýan nesilleriň kemala gelýändigi diýseň guwandyrýar. Mähriban Arkadagymyzyň badalga berip, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän bilim özgertmeleri munuň gözbaşy bolup durýar. Gözýetimi giň, bilimi çuň, hünär babatda kämil nesiller bagtyýar şu günüň hem-de röwşen geljegimiziň kuwwatly güýjüdir.

Täç Gulyýewa,
Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki 4-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.