Ýaşlar ýurduň daýanjydyr

7 Dekabr 2022
121

Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda iňlis dili dersi boýunça guran bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Bu bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Malika Ýoldaşewa birinji orny eýeledi. Biz ildeşimizi gazanan üstünligi bilen gutlap, onuň bilen redaksiýamyzda söhbetdeş bolduk.

— Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesle kämil bilim almaga, öwrenmäge, ukyp-başarnygyny açyp görkezmäge ähli şertler döredilen. Maňa Halkara Bitaraplyk gününiň uludan bellenilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen bäsleşikde birinji orny eýelemek bagty miýesser etdi. Bäsleşigiň şerti boýunça biz iňlis dilinde baky Bitaraplygymyzy wasp edip diktant ýazmakda bäsleşdik. Şeýle-de iňlis dili dersi bilen baglanyşykly sowal-jogap hem alyşdyk. Bäsleşik diýseň gyzykly geçdi.

Söhbetdeş bolan Eneş JORAÝEWA.