Ylma baglanan ykbal

7 Dekabr 2022
165

Beýik rus ýazyjysy Lew Tolstoýyň: «Geplemegi hemmelerem başarar, dymmagy öwrenmek kyn» diýşi ýaly, gürrüňdeşini üns bilen diňleýşi hem-de şoňa görä, howlukmazdan, saldamly jogap berşi agras ýaşulynyň ylym ýolunda köp menzilleri külterländigini, gije diýmän-gündiz diýmän, küti-küti kitaplaryň «içinden geçip», bu ugra ykbalyny ymykly baglandygyny aňdyrýardy. «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýilýän bu iş bolsa irginsiz zähmeti, gaýratlylygy, ägirt uly sabyrlylygy hem çynlakaý çemeleşmegi talap edýär. Şoňa görä-de, ol adamda darykmazlyk, howlukmazlyk endiklerini, agraslygy hem paýhaslylygy döredýän bolmaly...

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň umumy tehniki dersler kafedrasynyň dosenti, halypa mugallym Hydyrguly aganyň iş otagy hemişe diýen ýaly ýaş şägirtlerinden — ýokary okuw mekdebiniň öwreniji mugallymlarydyr fizika-matematika ugruna höwesli talyplaryndan doludyr. Indi togsanyň onlugyny ýarpylaberen alym bolsa hiç ýadamagy-ýaltanmagy bilmezden, olara fizika-matematika ylymlarynyň «syrly ýodalarynda» ýolbeletlik edýär. Gujur-gaýratyny, yhlasyny gaýgyrmazdan, ýaş şägirtleriniň bu ugurdan bilim-düşünjelerini baýlaşdyryp, olary ylym dünýäsine ugrukdyrýar...

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren awtor.