Adamyň ruhy dünýäsiniň giňelmeginde we jemgyýetçilik aňynyň kemala gelmeginde daşary ýurt dillerini bilmegiň ähmiýeti örän uludyr. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda hem ýaş nesliň öz ene dilinden başga-da, daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda netijeli işler ýola goýlup, ýylyň-ýylyna daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdepler gurlup, ulanylmaga berilýär. Şoňa baglylykda, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerini ýola goýmak işi bilim ulgamynda esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Şeýle bolansoň, häzirki döwürde iňlis dilinde geplemegi başarmak köpler, aýratyn-da ýaş nesiller üçin esasy maksada öwrüldi. Şunda mugallym dil öwretmegiň birnäçe netijeli usullaryndan peýdalanýar. Mysal üçin, diňlemek usuly ýaşlaryň daşary ýurt dilinde gürläp bilmek başarnygyny ýokarlandyrmakda esasy usullaryň biridir. Munuň özi olaryň täze sözleri, sözlemleri öwrenmeklerine ýardam berýär. Şeýle-de gepleşiklerde jogap bermegiň usullaryny saýlamaga mümkinçilik döredýär. Şunda olar mugallymy diňlemek arkaly sözleriň aýdylyşyny, beýan edilişini, sözleriň käbir ýagdaýlarda säginip ýa-da säginmän sözlenişini, aýdylyş äheňini, intonasiýasyny öwrenmäge mümkinçilik gazanýarlar.