Türkmen dili ýurdumyzyň döwlet dilidir. Milli ene dilimizi baýlaşdyrmak, ösdürmek, özleşdirmek we aýawly gorap saklamak bolsa esasy ugurlaryň biridir. Milli ene dilimizi okuwçylara çuňňur we ýokary derejede öwretmek her bir mugallymyň mukaddes borjudyr. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan sargytlaryndan ugur alyp, milli ene dilimiziň kadalaryny, düzgünlerini okuwçylaryň aňyna dogry we dürs ornaşdyrmak hökmanydyr.
Türkmen dili sapagynda okuw maksatnamasy esasynda düzülýän meýilnamalarda dürli temalar hödürlenilýär. Şol temalar esasynda her bir mugallym özüniň sapagyny talabalaýyk guramaga çalyşýar, bir mazmunly adaty sapaklardan daşda durup, okatmagyň täzeçe dürli usullaryny gözläp tapmaga ymtylýar, okuwçylarda milli ene dilimize bolan söýgini artdyrmakda döredijilikli zähmet çekýär. Türkmen dili sapagynda «Sözlük diktanty», «Okatmagyň toparlaýyn usuly», «Janly sapaklar», «Iň kyn temalar» ýaly usullardan peýdalanmak sapagyň täsirliligini artdyrýar.