Ýurdumyzda ýaş nesle netijeli bilim, asylly terbiýe bermek işi günsaýyn kämilleşdirilýär. Bilim ulgamyna ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar okatmagyň täze görnüşe eýe bolmagyna ýardam berip, mugallymlaryň hem döredijilikli işlemegine itergi berdi. Şonuň netijesinde guralýan sapaklar döwrebaplaşdyryldy, şol bir wagtda okuwçylaryň dürli maglumatlary öwrenmegi gazanyldy.
9-njy synp okuwçylary bilen Türkmenistanyň durmuş we ykdysady geografiýasy sapagy guralanda hem innowasion usullardan peýdalanmak özüniň oňyn netijesini berýär. Bu sapakda okuwçylara ýurdumyzyň ykdysady we durmuş geografiýasy, onuň tebigy baýlyklary giňişleýin öwredilýär. Öwredilýän maglumatlara okuwçylaryň doly düşünmegi, olara akyl ýetirmegi üçin multimedia tagtasynda görkezilýän şekillerden, slaýdlardan ýerlikli peýdalanýarys. Olara eziz Watanymyzy, onuň ýerüsti we ýerasty baýlyklaryny görkezýän şekilli wideolary görkezip, geçilýän temanyň täsirli bolmagyny gazanýarys we olarda öwrenmäge bolan islegi ösdürmäge çalyşýarys.