Dil ynsanyň möhüm aragatnaşyk serişdesi hasap edilýär. Biz diliň kömegi arkaly birek-birek bilen pikir alşyp bilýäris. Halkymyzyň döreden milli dili biziň mukaddesligimizdir. Enemize deňelýän sada, düşnükli, baý dilimizde halkymyzyň milliligi jemlenýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem ene dilimizi ylmy esasda çuňňur öwrenmäge, baýlaşdyrmaga uly mümkinçilikler döredilýär.
Köp asyrlaryň dowamynda döredilen gymmatlygy ylmy esasda öwrenmek we ony okuwçylara, talyp ýaşlara öwretmek biz — mugallymlaryň esasy borjudyr. Ýaş nesillere öz ene dilimizi — eziz dilimizi öwredenimizde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Bu nusgalyk kitaplarda öz ene dilimiziň baýlygyna, şeýle-de gadymy sözlere köp duş gelmek bolýar. Bu bolsa şeýle sözleri ýaşlaryň hem öwrenmegine, akyl ýetirmegine, söz baýlyklarynyň artmagyna ýardam berýär. Dilimiziň söz baýlyklaryny öwrenmekde nakyllaryň, atalar sözüniň ähmiýetini aýratyn bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyz ene dilimizi baýlaşdyrmagyň möhümdigini taryhy çykyşlarynda nygtaýar. Şonuň üçin hem ähli ugurlara degişli döredilýän gollanmalar, sözlükler biziň türkmen dilimizi ýaş nesillere öwretmekde uly kömek bolup durýar.