Bilim-terbiýeçilik edaralarynda sanly bilim hem-de innowasion tehnologiýalar ulgamynyň ösüşi

6 Dekabr 2022
168

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Muňa mysal hökmünde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin köp mümkinçilikleriň döredilýändigi aýdyp bileris. Bu işleriň yzygiderli alnyp barylmagynyň esasy sebäbi bolsa islendik bir döwletiň ösüşiniň şol döwletiň ylym-bilim ulgamynyň ösüşine bagly bolup durýandygy bilen şertlendirilýär.

Sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi hem öňe çykarylýar. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir.