Halkara bäsleşikdäki üstünlik

5 Dekabr 2022
135

Ýakynda Taýland Patyşalygynda geçirilen matematika dersi boýunça halkara internet bäsleşiginde Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçylary üstünlikli çykyş etdiler. Bäsleşige 81 ýurda wekilçilik edýän zehinli okuwçylaryň 5 müňden gowragy gatnaşdy.

Halkara bäsleşigiň jemleri boýunça paýtagtymyzdaky 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Leýli Garlyýewa birinji orna, 8-nji synp okuwçysy Hakberdi Orazow, 9-njy synp okuwçysy Meýlis Jumaýew, 10-njy synp okuwçysy Ýunus Emre Döwranow, 11-nji synp okuwçysy Merdan Akyjanow dagy ikinji orunlara mynasyp boldy. 8-nji synpda okaýan Maksat Taganow bilen Agajan Döwranow hem-de 9-njy synp okuwçysy Aýjemal Gutlymyradowa bolsa üçünji orunlara eýe boldular. Şeýle hem mekdebiň 6-njy synp okuwçylary Azat Nepesow, Bägül Aşyrowa, Aýşa Akmyradowa, 7-nji synp okuwçysy Gutlymyrat Gutlymyradow minnetdarlyk hatlary bilen sylaglanyldy.

Gurbanmyrat JELALETDINOW,
Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymy.