AŞTU müşderiler üçin goşmaça amatlyklary girizýär

3 Dekabr 2022
137

Indi müşderiler özleriniň öýjükli telefonlary arkaly 0787 belgä öý telefon belgisini görkezip SMS habaryny ýollamak arkaly, bu ýaşaýyş salgyda ulanylýan simli telefon aragatnaşygy, IP telewideniýe we Internet hyzmatlarynyň online ýagdaýyndaky hasaplaryny anyklap bilýärler. Bu bolsa öz gezeginde müşderilere ulanýan hyzmatlarynyň hasaplaryny wagtynda doldurmak bilen, bökdençlikeriň bolmazlygyna kömek eder. Şeýle hem, müşderiler öz hasaplaryny bilmek üçin 083 serwis ýa-da 09 sorag-jogap gulluklaryna ýörite jaň etmek zerurlygyny aradan aýyrmak bilen hasaplaşyk aýlaryň ahyrlarynda aragatnaşyk ulgamlaryna we operatorlara düşýän agramlygy azaldar.

Müşderilere goşmaça amatlyklary berjek bu hyzmatyň programma üpjünçiliginiň AŞTU-nyň öz hünärmenleri tarapyndan düzülip işe girizilmegi guwançly ýagdaý bolup durýar. 
    
0787 belgä öý telefon belgiňizi SMS ýollamak bilen öýüňizde ulanýan ähli aragatnaşyk hyzmatlarynyň hasaplaryny online biliň!