Bol suwuň aladasy

30 Noýabr 2022
64

Gözbaşyny Amyderýanyň bol suwundan alýan Garagum derýasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň obadyr şäherleriniň ýaşaýjylaryny, ekerançylyk meýdanlaryny, bag-bakjalaryny we başga-da derwaýys ýerlerini suw bilen üpjün edýär. Onuň ugrundan ýerleşýän bu ulgamyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri we zähmetsöýer işçileri giň göwrümli suwuň akymyna, kenarlaryň abatlygyna berk gözegçilik edýärler. Şeýle hem olar hananyň ýalpaklan ýerlerinde läbik sorujylar arkaly gazuw işlerini berjaý edýärler. Kenarlaryň ýanaşyk ýerlerini bagy-bossanlyga öwürýärler. Derýa ulgamynyň işjeň adamlary gerekli tehnikalary daşary ýurtlardan alyp berýändigi üçin Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyş sözlerini aýdýarlar.

Bu gurama Garagum derýasynyň akym ugrunyň gazuw işlerini alyp barmakda abraýly işleýän kärhanalaryň biridir. Oňa tejribeli ýolbaşçy Atajan Ilamanow başlyklyk edýär. Kärhananyň hünärmenleri hem-de işçileri özlerine ynanylan işleri artygy bilen ýerine ýetirýärler. Olar läbik sorujylaryň hemişe gurat işlemegini gazanýarlar. Bu tehnikalar ýag-ýangyç, şeýle hem gerekli enjamlar bilen iş üstünde üpjün edilýär.