Aladamyz ýerine düşýär

30 Noýabr 2022
72

Biziň pagta egriji kärhanamyz iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçilikleriň biridir. Ol Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek, özümizde öndürilýän çig mallary gaýtadan işläp, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmek ugrunda edýän aladalarynyň netijesinde ulanylmaga berlipdi. Onda dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň önümi bolan enjamlaryň oturdylmagy bu meseläniň oňyn çözülmegine şert döretdi. Meýilnamalaryň üstünlikli berjaý edilmegi, taýýar önümiň ulanyjylara bökdençsiz iberilip durulmagy munuň şeýlediginiň subutnamasydyr. Olar geçen on bir aýynyň meýilnamasyny hem artygy bilen ýerine ýetirdiler. Netijede geçen döwürde 7229 tonna ýakyn ýüplük öndürildi. Kärhanamyzyň ýokary hilli ýüplükleri diňe bir içerki ulanyjylara däl, eýsem, daşary ýurtlara hem eksport edilýär. Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri indi köp ýyldan bäri fabrigimiziň önümi bolan ýüplükleri uly isleg bilen satyn alýarlar.

Kärhanamyzda 590-a golaý adam işleýär. Olaryň 330-dan gowragy bolsa zenanlardyr. Şeýle bolansoň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň iş meýilnamasynda olaryň zähmet we durmuş hukuklaryny goraýan çäreleri aýratyn göz öňünde tutýarys. Fabrigimizde işler üç iş çalşygynda alnyp barylýar. Her iş çalşygynda işgärler bir gezek gyzgyn nahar, çaý, süýt önümleri bilen mugt üpjün edilýär. Işgärleri işe getirmek we işden öýlerine äkitmek üçin ýörite awtobus berkidilen. Olar iş eşikleri bilen hem doly üpjün edilýärler. Işgärlerimiziň medeniýetli dynç almaklary, saglyklaryny dikeltmekleri üçin hem ýakyndan aladalanýarys. Zähmetkeşler köpçüliginiň işjeň gatnaşmagynda şanly seneler bilen baglanyşykly dürli medeni çäreleri hem guraýarys. Zähmet rugsadyna gidenlerinde isleg bildirýänlere «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezine ýeňillikli ýollanmalar berilýär. Özleri barada edilýän aladalardan hoşal bolýan hünärmenlerimiz öňlerinde goýlan wezipeleri wagtynda we ýokary hilli berjaý etmek ugrunda tagallalaryny gaýgyranoklar. Olar «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi üçin Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Gülbahar DURDYÝEWA,
Türkmenabadyň pagta egriji fabriginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.