«Akylly» şäher — döwrebap ýaşaýyş

27 Noýabr 2022
103

Eziz Diýarymyzda gurlup ulanmaga berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly dürli binalaryň dünýä ülňülerine laýyk bolmagyna, gurluşyklarda ekologik howpsuzlygyň berjaý edilmegine berk talap bildirilýär. Olarda häzirki zamanyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak esasy şertleriň biri bolup durýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda alnyp barylýan iri gurluşyklar bilen yzygiderli tanşyp durmagy, özüniň gymmatly maslahatlaryny bermegi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr.

Ine, ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna nobatdaky iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda täze şäherde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak barada aýratyn durlup geçildi. Şunda sanly ulgamyň, «akylly» şäher kadalarynyň ulanylmagynyň ähmiýetiniň, ilkinji nobatda, göz öňünde tutulmalydygy bellenildi. Hormatly Arkadagymyz täze şäherde ýaşajak raýatlaryň ýaşaýyş ýeri boýunça hasaba alnyşynyň elektron görnüşde bolmagyny üpjün etmegiň üstünde toplumlaýyn işlemelidigini aýtdy.

Jeren HOJAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.