Birža söwdalary

27 Noýabr 2022
51

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Owganystandan, Gyrgyzystandan we BAE-den gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy we awiakerosini satyn aldylar. Şeýle-de, Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli nah ýüplügi satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 21 million 250 müň 230 dollaryna deň boldy.