Häzirki döwürde ylym-bilim ýokary tizlik bilen ösýär, iň täze tehnologiýalar durmuşa ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem adamzat jemgyýetinde ylym-bilimiň uly orny bardyr. Hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym we bilim döwletimiziň kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetiň hereketlendiriji güýji bolup durýar. Çünki ösen tehnologiýalara düşünýän kämil hünärmenleri kemala getirmekde bilim ulgamynyň möhüm orny bardyr.
Dünýäde innowasion tehnologiýanyň we sanly ulgamyň ösýän zamanasynda ýurdumyzda hem sanly ulgamy ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitlenip, bu babatda oňat netijeler gazanylýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Sanly ulgamyň ykdysadyýete ornaşdyrylmagy, maglumatlary toplamagyň we seljermegiň täze, döwrebap usullarynyň hem-de gurallarynyň döremegi maglumatlaryň alşylmagyna, zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär we innowasion çözgütleri kabul etmekde çeýeligi üpjün edýär.