Döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýeti

25 Noýabr 2022
120

Tehnologik täzeçillikler sportuň keşbini düýpgöter özgerdýär. Olar türgenleşikleriň hilini ýokarlandyrmaga, türgenleriň beden hem ruhy taýýarlygyny gowulandyrmaga, tehniki serişdeleriň netijeliligini artdyrmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda ylgaw, suwda ýüzmek, welosiped sporty üçin niýetlenen ýörite egin-eşikler, aýakgaplar, sport lybaslary kämilleşdirilýär.

Seljeriş maglumatlarynyň peýdalanylmagy her bir türgeniň özboluşly aýratynlygyny göz öňünde tutýan toplumlaýyn nusgalary taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Tehnologik täzeçillikleriň täsiri türgenleriň görkezýän netijelerinde şöhlelenip, uzak wagtdan bäri saklanyp gelýän rekordlary täzelemäge, şikeslenmeleriň öňüni almaga, sportda hünär ýolunyň dowamlylygynyň uzamagyna ýardam berýär.

Hudaýmyrat AGAMYRADOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.