Täzeçilligiň ähmiýeti

24 Noýabr 2022
100

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň ähli düzümleri bilen bir hatarda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň hem işini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Bu ulgamyň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýady hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde, şahsy düzümiň ýokary derejede gulluk alyp barmagynda oňyn häsiýete eýedir.

Ýeri gelende bellesek, hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde bu düzümlere sanly ulgamy ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şahsy düzümi ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek we ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak meseleleriniň üstünde aýratyn durup geçýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň garamagyndaky merkezlerde, bölümlerde, ähli gümrükhanalarda, barlag-geçiriş ýerlerinde, gümrük nokatlarynda täze tehnologiýalar, «akylly» enjamlar işjeň peýdalanylýar. Şonuň netijesinde sanly ulgam arkaly barlag-goýberiş işlerini ýerine ýetirmek, öňde goýlan wezipelere görä sanlylaşdyrylan programma üpjünçiliginden peýdalanmak, uzak aralykda alnyp barylýan işlere wideoaragatnaşygy arkaly göni ýagdaýda gözegçilik etmek gümrük gullukçylarynyň işini hil we mazmun taýdan baýlaşdyrýar.

Mežnun ÖRÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärler bölüminiň gözegçisi, leýtenant.