Aýdyň sepgitleri nazarlap

23 Noýabr 2022
66

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde has-da ýokarlanýar. Şunda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryny özgertmek, tebigy baýlyklardan netijeli we rejeli peýdalanmak, her bir adamyň abadan durmuşyny, durmuş goraglylygyny, saglygy üçin amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan özgertmeleriň esasy maksady «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede jemlenýär. Prezident Maksatnamasynyň esasy wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzda geljek 7 ýylda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny we iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek bilen 2022 — 2028-nji ýyllarda ilatyň zähmet öndürijiligi ýokarlanyp, zähmet haklarynyň möçberlerini artdyrmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda goşmaça iş orunlaryny döretmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek babatda bitirilýän beýik işler özüniň oňyn netijelerini berýär.

Häzirki wagtda Halkara maliýe guramalarynyň bilermenleriniň pikirine görä, ýurdumyzyň ykdysady strategiýasy Türkmenistana diňe bir ykdysady durnuklylygy saklamaga däl, eýsem, ýokary durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga mümkinçilik berdi. Diwersifikasiýa ýoluna düşen ýurdumyzda senagat ulgamyny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, elektron senagatyny döretmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak, işewürlik ulgamyny gowulandyrmak we göni daşary ýurt maýalaryny çekmek meseleleri üstünlikli çözgüde eýe bolýar. Döwrebap enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalaryň gurulmagy we ulanylmaga berilmegi türkmenistanlylary köp isleg bildirilýän senagat önümleri bilen üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta ugrukdyrylan önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça pudaklaryň bar bolan mümkinçiliklerini doly peýdalanmak babatda bitirilýän beýik işler häzirki wagtda uly rowaçlyklara beslenýär.

Maral ATAKLYÇEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.