«Hepdeligiň» hyrydarly harytlary

23 Noýabr 2022
65

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda hususy ulgamyň işiniň rowaçlanmagyna gönükdirilen döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Telekeçileriň döwletimiziň azyk garaşsyzlygynyň pugtalanmagyna, ak bazarlarymyzda öz ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bolçulygynyň döredilmegine goşýan goşantlary barha köpelýär. Şolaryň hatarynda Çärjew etrabynyň B. Myradow geňeşliginde ýerleşýän «Hepdelik» haryt nyşanly peýnir önümçiligini hem görkezmek bolar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Narhal Haknazarowanyň esaslandyran bu peýnir önümçiliginiň işiniň 2017-nji ýylda ýola goýlandygyna garamazdan, bu hususy kärhanada gysga döwürde uly sepgitlere ýetildi. Öndürilen ýokary hilli önümler welaýatymyzyň etrapdyr şäherleriniň söwda nokatlarynyň onlarçasyna ugradylýar.

Atanyýaz HANGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz.